Harby gulluga kabul edişlik başlady

“Milli Goşgun” žurnalynyň internet saýtynda (www.milligosun.gov.tm) habar berilmegine görä, çagyrylyş boýunça harby gullukçylaryň kabul edişlik işlerine badalga berildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň degişli permany esasynda kabul edilýän geljekki esgerler lukmançylyk gözegçiliginden geçýärler, psihologik taýdan seljerilýär, şondan soňra iş topary olaryň başarnyklaryny, ruhy-psihologik häsiýetlerini we goşun görnüşleri boýunça isleglerini nazara alyp, çagyryş boýunça harby gulluga kabul edýär.

Raýatlaryň harby gulluk barada ýygy-ýygydan soralýan soraglaryna www.milligosun.gov.tm saýtynda jogap tapyp bolýar.

Şeýle-de InAshgabat redaksiýasy öz okyjylaryna Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçysy Maýor Şöhrat Amanowyň bu soraglara jogap hökmündäki wideo ýüzlenmesini ýetiripdi.

Raýatlardan iň köp gelýän şu soraglarda wideo ýüzlenmede jogap tapyp bilersiňiz:

  1. Harby gulluk borjunyň möhleti näçe ýyl?
  2. Harby gulluga çagrylyş haýsy kanun/perman/karar esasynda ýerine ýetirilýär?
  3. Harby gulluk näçe ýaşa çenli? Wagtyny yza geçirip bolýarmy?
  4. Daşary ýurtda okaýan raýatlar harby gullugyň wagtyny yza süýşürip bilýärmi?
  5. Aspirantura, doktorantura, onlaýn okuwlarda okaýanlar
  6. Eger-de raýatyň okuwyny tamamlamaka 26 ýaşy dolýan bolsa?
  7. Okuwy doňduryp, arasynda gulluga gitmegiň tertibi nähili?
  8. Daşary ýurtda okaýan raýatlar okuwyny doňduryp gulluga gidip bilýärmi?
  9. Harby hasaba durmagyň we çagrylşyk möwsümine çenli taýýarlyk işleriniň tertibi
  10. Harby gulluk borjy haýsy ýaş aralygyndaky raýatlara degişli?
  11. Haýsy raýatlar wagtlaýyn ýa-da hemişelik gulluk borjundan boşadylýar?
  12. Ýokary okuw mekdebiniň dalaşgärleri harby gulluk borjunyň wagtyny yza çekip bilýärmi?
  13. Harby gulluk borjuny tamamlan raýatlara nähili artykmaçlyklar hödürlenýär?

Şeýle-de InAshgabat News YouTube kanalynda her soraga aýratynlykda jogap tapyp bilersiňiz:

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok