2019-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde dirižýor Resul Gylyçowyň ýolbaşçylygyndaky ýaş kamera orkestr toparynyň möwsümiň açylyş konserti geçirildi.
Konsertde ýerli we daşary ýurtly kompozitorlaryň sazlary ýerine ýetirildi.
Konserte orkestr sazynyň muşdaklary bolan aşgabatlylar, paýtagty myhmanlary we daşary ýurtly raýatlar tomaşa etdi. 600 orunlyk konsert merkeziniň ähli orunlary doldy.
Konsert iki bölümde geçirildi. Ilkinji bölümde Pýotr Çaýkowskiýniň meşhur eserleri ýaňlandy. “Andante non troppo”, “Valse”, “Elegia”, “Finalle (Tema Russo)” eserleri tertip boýunça ýerine ýetirildi.
Gysga arakesmeden soňra ikinji bölüme dowam edildi. Klarnet saz guralynda Ýusup Öwezowyň orkestr bilen bilelikde ýerine ýetirmeginde “Oblivion, Adios Nonino”, “La Muerte del Angel” sazlary çalyndy.
Türkmenistanyň meşhur wokal ussatlary Leýli Ökdirowa (“Çalsana, bagşy”), Nury Nuryýew (“La Foletta”, “O, Mari”), Maýsa Nyýazowa (“Mama moýa”) aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.
Şeýle-de orkestriň ýerine ýetirmeginde “Palladio” we “Pustýaçok” sazlary hem tomaşaçylar üçin çalyndy.
Resul Gylyjow bu möwsüm diňleýjileri üçin taýýarlyk görýän proýektleri barada gürrüň berdi.
Teswirler