Täze nesil programmist – Hangeldi Jepbarow

Ýaş alymlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde baýrakly oruna mynasyp bolan Oguzhan adyndaky ITU-nyň talyby Hangeldi Jepbarow bilen söhbetdeş bolduk.

Ynha onuň beren beýany:

Men, geljekki inžener-tehnolog hökmünde Türkmenistanyň  ýaşlarynyň  arasynda  geçirilen  ylmy işler  boýunça  bäsleşigine  özümiň “Ýaponça Öwren” programmany hödürläp, 2-nji orna mynasyp boldum.

Meniň bu programmam diňe bir sözleri terjime etmän, eýsem grammatik kadalaryny düşündirip, has giňişleýin öwrenmäge mümkinçilik döredýär. Programmanyň ýene-de bir peýdaly tarapy grammatik kadalaryň öwrenilenden soňra olary berkitmek üçin niýetlenen gönükmeleriň bolmagydyr.

Netijede programmada dürli jemgyýetçilik ýerlerinde ulanylýan jümleler hem görkezilýär. Programma diňe bir dil öwrenijilere niýetlenilmän, syýahatçylar hem göz öňünde tutuldy.Ýagny, programma Ýaponiýanyň  medeniýeti, milli syýahatçylyk zolaklary bilen hem tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Programma häzirlikçe şular bilen jemlenýär, ýöne muňa garamazdan programmanyň tiz wagtdan täzelenmeleri çykyp, täzelenmelerinde Ýaponiýa döwletiniň milli aýdym-sazy we mekdep okuwçylar üçin gysga görnüşli öwrediji multifilmlerden ybarat bolar.

“Ýaponça Öwren” android we kompýuter programmasyny mobil telefonlarda, planşetlerde we personal kompýuterlerde işlemek mümkinçiligi bar.

Söhbetdeşligi ýazga geçiren: Ýazgül Kakageldiýewa

Teswirler

ChynarKa

Tuweleme, mundan beylak hem ustunlikler Hangeldi