Masaçusests Tehnologiýa Institutynyň tanyşdyryş duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Diller dünýäsi” dil merkezinde dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdebi hasap edilýän, ABŞ-nyň Boston ştatynda ýerleşýän Massachusets Institute of Technology (MIT) barada tanyşdyryş duşuşygy geçirildi.

Bu bilim ojagynyň biologiýa we himiýa ylymlarynyň hünäri boýunça uçurymy Gadam Myratgeldiýew wizual prezentasiýasy bilen çykyş etdi.

MIT-iň we umuman ABŞ-da ýokary okuw mekdepleriniň talyplary kabul edişlik prosesleri, şertleri we mümkinçilikleri barada maglumat berdi.

Bu ýokary okuw mekdebi özüniň http://mitaddmissions.org saýtynyň üsti bilen resminamalaryň elektron görnüşini ýerleşdirmek arkaly kabul edýär.

“Diller dünýäsi” dil merkezi tölegli esasda möhletli okuwlary hödürlemek bilen çäklenmän, ýaşlary wagtlaryny peýdaly geçirilmegine gönükdirilen işleri hem işjeň alyp barýar. Şeýle-de pedagoglaryň, mugallymlaryň, bilim edaralarynyň işgärleri bilen pikir alyşma benchmarking duşuşyklaryny hem geçirip durýar.

Merkeziň gurnaýan döredijilik duşuşyklarynyň maksady Türkmenistandaky ýaşlaryň köpugurly, tehnologiýalardan baş alyp çykýan, daşary ýurt dillerini suwara bilýän ýaşlaryň täze nesillerini ýetişdirmek bolup durýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok