Ýaşlaryň geljekki hünärlerini saýlamazdan öň, şol ugurda zähmet çekip boljak pudaklar, iş şertleri barada maglumat almagy zerur bolup durýar.
Mekdebi tamamlaýan okuwçylar okajak ýokary okuw mekdebini däl-de, hünärini saýlamagy has ýerlikli.
Islendik hünär üçin bolsa iň zerur iki faktor: höwes we başarnyk. Ýagny, mysal üçin himiýa inženeri bolmak isleýän dalaşgäriň mekdep döwründe himiýa, matematika we fizika dersinde ýetişigi gowy bolmaly. Ýagny mekdep himiýasynda başarnygy pes bolanyň, uniwersitetde bir “gudrat” bilen ýokary himiýasynyň gowy bolmagyna garaşmak nädogry.
Elbetde hemme zat diplom almak bilen gutarmaýar. Hatda käbir hünärler üçin gysga möhletli okuwlar ýa-da hünär mekdeplerini okamak ýeterlik bolýar.
Adam işinden lezzet almaly, ýa-da lezzet alýan işini tapmaly. Käwagt okuwyny tamamlan ýaşlar hem birnäçe ýyl öz gowy görýän hünärleriniň gözleginde gezýärler.
Geljekde şeýle ýagdaýlara duçar bolman, ýaşlaryň öz tebigatyna gabat gelýän hünäri tapmak üçin artykmaç wagt ýitirmez ýaly, okuwçy döwürlerinde gurnaklara, köpçülikleýin medeni çäreleri gatnaşmagy möhüm orun eýeleýär.
Hut şu sebäpden Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Diller dünýäsi” dil merkezi ýaşlar üçin seminarlar we tanyşdyryş duşuşyklary yzgiderli geçirip durýar.
Himiýa bilen baglanşykly hünärler we pudaklar barada Dana bilim merkeziniň mugallymy, halkara himiýa olimpiýadalarynyň ýeňijisi Nurmuhammet Muradow mekdep okuwçylaryna we uly ýaşdaky diňleýjilere gyzykly gürrüňler berdi.
Himiýa ylmy, senagaty, mugallymçylygy, biohimiýa ýaly pudaklar barada şekiller görkezildi.
Şeýle-de himiýa sapaklarynyň onlaýn sapaklaryny görmek üçin Bilgirje portaly barada maglumat berdi. Bu portalyň Akademiýa bölüminde matematika, fizika we himiýa dersleri boýunça wideo sapaklary görüp bolýar.
«Diller dünýäsi» okuw merkezi 2017-nji ýyldan bäri daşary ýurt dilleri we kompýuter sowatlylygy boýunça möhletli okuwlary gödürleýär.
Häzirki wagtda türkmen, iňlis, fransuz, arap, nemes, italýan, hytaý, rus, ýapon, pars we türk dillerini dürli çuňlukda okadylýar.
Lukmançylyk, awiasiýa, biznes, metodika hünärler boýunça iňlis dili we iňlis dilinde matematika, fizika dersleri hödürlenýär.
Mekdep ýaşyna şenli çagalar üçin iňlis we rus dili toparlary bar.
Merkeziň ýerleşýän salgysy: ş. Aşgabat, Parahat 3/2 ýaşaýyş toplumy, Ýunus Emre köçesi (57-nji orta mekdep bilen bitewi bina).
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +99312450796, +99362533883
Teswirler