Hindistan geçmişde-de, günümizde-de öz baý medeniýeti, köpdürli gözellikleri, täsin tebigaty, mylakatly halky bilen özüne ünsüni çekýän ýurt. Magtymguly Pyragy hem bu diýara syýahat edip gören, şygyrlaryna özüne ýetiren täsirini beýan edipdir . Baýram han bolsa bu iki halkyň taryhyny birleşdirýän hökümdar, şahyr, serkerde.
“Hindistan – özüne ýuwaş, ýuwaş öwrenşdirýän ýurt. Hindistanyň gözelliklerine göz ýetirmek üçin gysga wagtlyk däl-de, bir ýyldan gowrak wagt bu ýerde geçirmeli,” diýip Dr. Meretguly Gurbanow “Diller dünýäsi” dil merkezinde geçirilýän “Dünýä medeniýetleri” açyk duşuşyklarynyň nobatdaky Hindistan baradaky prezentasiýasynda belläp geçdi.
Hindistanda ýokary bilim alan we bu ýerde 7 ýyl ýaşan Dr. Meretguly Gurbanow Hindistanyň dürli hünärlerde hem bilim almaga, hem tejribe gazanmaga gowy ýerdigini nygtady. Öz hünäri, ýagny iňlis dili lingwistikasy boýunça hünär derejesini çuňlaşdyrmak üçin Haýdarabatdaky öz okan Osmania uniwersitetinde mugallymçylyk metodikasy, innowasiýalar barada köp tejribe alandygyny aýratyn belledi.
Hindistan diňe bir haryt öndüriji we eksport ediji ýurt bolman, dünýäniň öňde gelen iri kompaniýalaryň hem kadrlarynyň ýetişdirilýän ýeri hasap edilýär. Häzirki wagtda ýewropa we ABŞ-ly esasanda IT pudagynda hyzmat berýän birnäçe iri kärhanalar öz merkezlerini ýa-da iş bazalaryny Hindistana göçürýärler. ABŞ-de bir kompaniýanyň Call Center merkezine jaň edenimizde, jaňlar Hindistandaky merkezine gönükdirilýär.
Bilimiň iňlis dilinde we tölegleriň elýeter bolmagy ýene bir özboluşly aýratynlygy. Galyberse-de her ýyl Hindistana daşary ýurtly talyplary döwletara şertnama esasynda tölegsiz kabul edilýär. Bu barada maglumatlar Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň resmi saýtynda hem görüp bolýar: https://eoi.gov.in/ashgabat/
Teswirler