Türkmenistan innowasion senagaty ösdürmekde möhüm ädim ätdi

Türkmenistan döwletimiziň ählitaraplaýyn ösmeginiň möhüm ugurlarynyň biri-de özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekden we munuň esasynda dünýä döwletleriniň ösen tehnologiýalaryny senagat pudagyna ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Milli ykdysadyýetimiziň iň iri pudagy bolan ýangyç-energetika toplumy ýurdumyzyň senagatynyň binýadyny düzýär. Pudagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, nebiti we gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen hem-de dünýä bazarynda  uly islegden peýdalanýan önümleri çykarýan ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň täze tapgyrynda esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda daşary ýurt firmalarynyň we kompaniýalarynyň gatnaşmaklarynda ýangyç-energetika toplumyna degişli önümçilik maksatly möhüm desgalaryň birnäçesi işe girizildi.

Türkmenistan döwletimiziň ählitaraplaýyn ösmeginiň möhüm ugurlarynyň biri-de özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekden we munuň esasynda dünýä döwletleriniň ösen tehnologiýalaryny senagat pudagyna ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Milli ykdysadyýetimiziň iň iri pudagy bolan ýangyç-energetika toplumy ýurdumyzyň senagatynyň binýadyny düzýär. Pudagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, nebiti we gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen hem-de dünýä bazarynda  uly islegden peýdalanýan önümleri çykarýan ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň täze tapgyrynda esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda daşary ýurt firmalarynyň we kompaniýalarynyň gatnaşmaklarynda ýangyç-energetika toplumyna degişli önümçilik maksatly möhüm desgalaryň birnäçesi işe girizildi.

2014-nji ýylyň awgust aýynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda düýbi tutulan we häzirki wagtda gurluşygy tamamlanyp, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň iri kärhanasynyň – Owadandepe tebigy gazdan benzin öndürýän zawodynyň ulanylmaga berilmegi, milli ykdysadyýetimiziň bäsleşige ukyplylygynyň we eksport kuwwatynyň ýokarlanmagyna, netijede Ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna we gülläp ösmegine,  mähriban halkymyzyň abadançylygynyň has-da ýokarlanmagyna ýardam eder. Owadandepede gurlup, ulanmaga berlen bu täsin zawod Türkmenistanyň “Türkmengaz” döwlet  konserniň, Ýaponiýanyň “Kawasaki Heawy Indutries Ltd” hem-de Türkiýe Respublikasynyň “Rönesans Endustri Tesisleri Inşat Sanaýi we Tijaret  A.Ş.”  kompaniýalarynyň bilelikdäki tagallalary bilen gurlan we häzirki wagtda dünýäde tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa sintetiki benzini öndürýän ýeke-täk kärhanadyr. Bu toplumda her ýyl “mawy ýangyjyň” 1 miliard 785 million kub.metri gaýtadan işlenilip, “Ýewro-5” standarty boýunça ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän A-92 kysymly benziniň 600 müň tonnasy, dizel ýangyjynyň 12 müň tonnasy we suwuklandyrylan gazyň 115 müň tonnasy öndüriler. Bu maýa goýum taslamasynyň umumy bahasy ABŞ-nyň 1 milliard 700 million dollaryna barabardyr. Bu kärhananyň işe girizilmegi bilen goşmaça iş orunlarynyň 800-e golaýy dörediler.

Desga üçin «Ginness dünýä rekordlary» kompaniýasynyň tarapyndan «Dünýäde tebigy gazdan benzin öndürýän ilkinji zawod», ABŞ-nyň Daşky gurşawy goramak boýunça gaznasy  tarapyndan «Ekologik taýdan arassa», Şwesariýanyň tehnologiýa instituty tarapynda «Innowasion tehnologiýalary» şahadatnamasy gowşuryldy. Görüşimiz ýaly, Türkmenistanyň senagat pudagyny döwrebap tehnologiýalary ornaşdyryp ösdürmekde türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy oňyn netije berýär we has giň gerim bilen ösýär. Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara Türkmen-ýapon toparynyň nobatdaky mejlisi geçirilip, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ähmiýetli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy we soňky 10 ýylyň dowamynda ýokary derejedäki türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň  pugtalandyrylmagynda möhüm tapgyr bolandygy bellenildi. Şeýle hem, ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda ulag, gazhimiýa, elektroenergetika, senagat, oba hojalygy, saglygy goraýyş, kommunikasiýalar we aragatnaşyk, söwda, bilim, sport we syýahatçylyk hem-de ekologiýa ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem giňeldilmegi üçin oňyn şertleriň  döredilendigi bellenilip geçildi. Milli derejede ykdysadyýetiň täze sanly ulgamlaryna geçilmegi bilen baglylykda taraplaryň ýokary tehnologiýalar  ulgamynda hem hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Tokio şäherine howa gatnawlary hem ýola goýuldy. Ilkinji, Aşgabat-Tokio-Aşgabat ugry boýunça  howa gatnawy şu ýylyň 26-njy iýunynda amala aşyryldy. Bu iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini has-da giňelder.

2014-nji ýylyň awgust aýynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda düýbi tutulan we häzirki wagtda gurluşygy tamamlanyp, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň iri kärhanasynyň – Owadandepe tebigy gazdan benzin öndürýän zawodynyň ulanylmaga berilmegi, milli ykdysadyýetimiziň bäsleşige ukyplylygynyň we eksport kuwwatynyň ýokarlanmagyna, netijede Ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna we gülläp ösmegine,  mähriban halkymyzyň abadançylygynyň has-da ýokarlanmagyna ýardam eder. Owadandepede gurlup, ulanmaga berlen bu täsin zawod Türkmenistanyň “Türkmengaz” döwlet  konserniň, Ýaponiýanyň “Kawasaki Heawy Indutries Ltd” hem-de Türkiýe Respublikasynyň “Rönesans Endustri Tesisleri Inşat Sanaýi we Tijaret  A.Ş.”  kompaniýalarynyň bilelikdäki tagallalary bilen gurlan we häzirki wagtda dünýäde tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa sintetiki benzini öndürýän ýeke-täk kärhanadyr. Bu toplumda her ýyl “mawy ýangyjyň” 1 miliard 785 million kub.metri gaýtadan işlenilip, “Ýewro-5” standarty boýunça ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän A-92 kysymly benziniň 600 müň tonnasy, dizel ýangyjynyň 12 müň tonnasy we suwuklandyrylan gazyň 115 müň tonnasy öndüriler. Bu maýa goýum taslamasynyň umumy bahasy ABŞ-nyň 1 milliard 700 million dollaryna barabardyr. Bu kärhananyň işe girizilmegi bilen goşmaça iş orunlarynyň 800-e golaýy dörediler. Görüşimiz ýaly, Türkmenistanyň senagat pudagyny döwrebap tehnologiýalary ornaşdyryp ösdürmekde türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy oňyn netije berýär we has giň gerim bilen ösýär. Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara Türkmen-ýapon toparynyň nobatdaky mejlisi geçirilip, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ähmiýetli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy we soňky 10 ýylyň dowamynda ýokary derejedäki türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň  pugtalandyrylmagynda möhüm tapgyr bolandygy bellenildi. Şeýle hem, ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda ulag, gazhimiýa, elektroenergetika, senagat, oba hojalygy, saglygy goraýyş, kommunikasiýalar we aragatnaşyk, söwda, bilim, sport we syýahatçylyk hem-de ekologiýa ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem giňeldilmegi üçin oňyn şertleriň  döredilendigi bellenilip geçildi. Milli derejede ykdysadyýetiň täze sanly ulgamlaryna geçilmegi bilen baglylykda taraplaryň ýokary tehnologiýalar  ulgamynda hem hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Tokio şäherine howa gatnawlary hem ýola goýuldy. Ilkinji, Aşgabat-Tokio-Aşgabat ugry boýunça  howa gatnawy şu ýylyň 26-njy iýunynda amala aşyryldy. Bu iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini has-da giňelder.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok