«Parahatlyk ýolumyz» atly tans festiwaly

Festiwalyň maksady, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny sungat eserleri arkaly wasp etmekden, tans sungatynyň milli mirasyny gorap saklamakdan we onuň hazynasyny has-da baýlaşdyrmakdan, tans sungatynyň milli äheňlerini wagyz etmekden, zehinli tansçylary ýüze çykarmaga giň ýol açmakdan, tansçylaryň hünär derejesini kämilleşdirmekden, iň gowy tans toparlaryny, tans goýujylary, baletmeýsterleri, tansçylary höweslendirmekden, ýaşlarda tans sungatyna bolan söýgini ýokarlandyrmakdan, şeýle hem tans eserlerini teleradio-
ýaý­lym­lar,­in­ter­net­saýt­ la­ry­hem­de­ga­ zet­žur­nal­lar­ar­ka­ly­halkköpçüligine giňden wagyz etmekden ybaratdyr.

Festiwalyň welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça 1-nji tapgyry ýerlerde geçirilýär hem-de emin agzalarynyň gelen netijelerine laýyklykda ýeňijiler jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanýar. Festiwala tans toparlary milli tans eserleri, wakaly tans eserleri, daşary ýurtlaryň milli tanslary ugurlary boýunça gatnaşyp bilerler. Festiwala gatnaşýan toparlaryň adam sany 8 jübütden azbolmaly däldir.

Festiwalyň ýeňijilerine Hormat hatlary, gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary, şeýle hem höweslendiriji baýraklar gowşurylar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok