“Milli goşun” žurnalynyň internet saýtynda (www.milligosun.gov.tm) habar berlişine görä Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde kitap okamak bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik “Döwlet guşy” romany, Gurbanguly Berdimuhamedow we “Şükür bagşy” powesti, Nurmyrat Saryhanow eserleriniň esasynda synag görnüşde geçirildi.
2019-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda geçirilen bäsleşigi netijeleri boýunça “Döwlet guşy” romany esasyndaky bäsleşikde harby okuwçylar Wepa Çerkezow, Şageldi Baýlyýew we Rahym Garaýew degişlilikde I, II we III orna mynasyp boldy.
“Şükür bagşy” powesti esasynda geçirilen bäsleşikde bolsa harby okuwçylar Guwanç Akmyradow, Muhammetsadyk Begjanow, Arazgeldi Garryýew baýrakly orunlary eýeledi.
Guramaçylaryň çözgüdi esasynda 8-nji synp harby okuwçysy Kerim Gullarow, öz ýaşdaşlarynyň arasynda saýlanandygy sebäpli Hormat haty bilen sylaglandy.
Häzirki wagtda harby mekdebiň mugallymlarynyň we serkerdeleriniň arasynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Älem içre at gezer” romany esasynda bäsleşik geçirilýär. Bäsleşigiň jemi 2019-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda jemlener.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebi şuňa meňzeş çäreler toplumyny yzgiderli geçirip durýar.
2019-njy ýylyň fewral aýynda TSTP-nyň Aşgabat şäher komiteti, “Dünýä edebiýaty” žurnaly, Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen bilelikde kitaplara we neşir önümlerine bagyşlanan köpugurly çäre geçirildi. (Mugallymlar, 15.02.2019)
Soňky ýyllarda kitap okamak bäsleşikleri türkmen jemgyýetinde giň orun eýeleýär.
Ýakynda Aşgabat şäherinde geçen GDA döwletleriniň baştutanlarynyň sammitinde gozgalan temalaryň arasynda medeniýet, sungat, intellensiýa duşuşyklary, ýaşlar guramalarynyň hyzmatdaşlyklary, festiwallar, sport ýaryşlary ýaly döredijiligi we sagdyn jemgyýeti goldaýan halkara çäreleriň geçirilmegi aýratyn nygtalyp geçildi.
Şol sanda Türkmenistanda ýaşlary kitaphanalara çekmek, ýaşlara kitaplary söýdürmek bilen baglanşykly meseleler üns merkezinde bolmaga dowam edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň noýabr aýynyň 7-sine Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda boldy we kitaphanalar ulgamy bilen ýakyndan tanyşdy. Şondan iki gün soň, ýagny 9-njy noýabrda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bu ulgamy ösdürmek, ýaşlaryň arasynda wagyz etmek barada anyk tabşyryklar berdi. Mekdeplerde we okuw jaýlarynda her hepdäniň bir gününi “kitaphana güni” edip bellemegi teklip etdi.
Türkmenistanda kitap we kitaphanalara degişli işler günsaýyn rowaçlanýar.
Mundan başga-da kitap we neşir önümleriniň satuwy barha artýar. Döwlete we hususy eýeçilige degişli kitap dükanlarynyň söwda nokatlarynyň birnäçesi häzirki wagtda hyzmat berýär.
Türkmenistanyň sanly ykdysadyýet geçmek baradaky syýasatynyň bu pudakda-da durmuşa geçirilýändiginde syn edip bolýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanda hyzmat berýän käbir kitap dükanlary:
1) “Türkmen kitap” lomaý we bölekleýin söwda birleşmesi – http://kitaplar.metbugat.gov.tm
2) “Galam” kitap dükany – http://www.galam.tm
3) “Älem kitap” dükany – http://alemkitaptm.com/
4) GN Bookstore – www.gnbookstore.com.tm
Bulardan başga-da www.readit.store we www.zakazet.com ýaly sargama esasynda hyzmat berýän onlaýn dükanlar hem bar.
Metbugatda birnäçe gezek Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher kommitetiniň dürli edaralar bilen bilelikde guramagynda geçirilen kitapsöýerleriň bäsleşikleri barada habarlar çykdy.
Bu habarlardan käbirlerine salgylanyp bilersiňiz:
Где можно увидеть очередь в библиотеку?
Dünýäniň syry kitap bilen açylýar
Kitap okamak boýunça bäsleşigiň ýeňijileri sylaglandy
В Ашхабаде определились лучшие книгочеи-2017
Конкурс книгочеев в Ашхабаде теперь открыт и для детей
Intellektual jemgyýetde kitabyň orny hemişe ýokarda bolýar. Häzirki wagtda türkmen ýaş okyjylaryň höwesini artyrmak üçin täze trend bolsa: kitap okamak bäsleşikleri bolup durýar.
Merdan Ataýew
TSTP-nyň we TMÝG-nyň işjeň agzasy
Teswirler