Aşgabatda hytaý dilini nirede öwrenip bolýar?

Dünýäniň iň köp isleg gepleşilýän dilleriniň biri hytaý dili bolup durýar. Emma hytaý dili diýip bilinýän dil esasan mandarin dialektiniň (ýa-da Putonghua) esasynda ulanylýan dil. Aslyýetinde bolsa Hytaý Halk Respublikasynda bolsa birnäçe tapawutly dialektler bar. Mysal üçin: Yue (Cantonese), Xiang (Hunanese), Min, Gan, Wu, Kejia (Hakka) dialektleri. Bu dialektler düýbünden tapawutly dil hem bolsalar-da, bir ýazmaça iýeroglif ulgamyny ulanýarlar.

Ýeri, Aşgabatda hytaý dilini nirede öwrenip bolýar?

Ilki bilen bellemeli zat Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutynda hytaý dili hünär boýunça ýokary bilim berýär. Şu institutyň garamagynda bolsa ähli umumy raýatlara açyk möhletli okuwlary hödürleýän “Dil” merkezi hem hytaý dili boýunça okuwlary hödürleýär.

Bilim Ministrliginiň garamagyndaky “Diller dünýäsi” dil merkezi hem beýleki diller bilen bir hatarda hytaý dili boýunça möhletli okuwlary hödürleýär. Merkez 2017-nji ýyldan bäri hereket edýär, we dünýä dilleriniň birnäçesi bu ýerde isleg bildirýän ähli ýaşlardaky raýatlara hödürlenýär.

Merkeziň ýerleşýän salgysy: ş. Aşgabat, Parahat 3/2 ýaşaýyş toplumy, Ýunus Emre köçesi (57-nji orta mekdep bilen bitewi bina). Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +99312450796, +99362533883.

TSTB-nyň garamagyndaky Telekeçiler Mekdebi biznes we hünär öwrenişe degişli beýleki möhletli okuwlar bilen bir hatarda daşary ýurt dillerini hem hödürleýär.

Şeýle-de Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Dalçyn”, “Dana”, “Daýan”, “Gujurly Nesil”, “Hukuk, Biznes we Tehnologiýalar”, “Päk Nesil” we beýleki okuw merkezleri hem möwsümleýin ýagdaýda fransuz dili okuwlaryny hödürleýärler.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Diller dünýäsi” dil merkezinde “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylyny dabaralandyrmak hem-de merkeziň hödürleýän möhletli okuwlaryny tanyşdyrmak maksady bilen şenbe güni “Dünýä medeniýetleri” duşuşyklaryna badalga berildi. Geçirilen ilkinji duşuşykda hytaý dili, medeniýeti, Hytaý Halk Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik we ykdysady gatnaşyklar barada maglumatlar berildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher kommitetiniň agzalary, “Diller dünýäsi” dil merkeziniň ýolbaşçylary, Hytaý Halk respublikasynda bakalawr we magistratura derejelerinde bilim alýan türkmenistanly ýaşlar çykyş etdi.

Hytaýyň ykdysadyýetiniň, senagat potensialyndan başga-da ýokary hilli bilim almak üçin gowy ýerdigi nygtalyp geçildi.

Çykyşlarda ýetirilen maglumatlara görä Hytaýda ýokary okuw jaýlarynda okamak üçin ilkinji ýyly hytaý dili öwreniş, soň hem bolsa 4-5 ýyl bakalawr derejesinde hünär okuwy berilýär. Ilkinji dil öwreniş ýylynda tabşyrylan synagdan degişli bahany alan talyplar okuwa dowam etmäge hukuk gazanýar.

Muňa garamazdan käbir hünärler üçin bir ýyl taýýarlyk ýeterlik bolmaýar. Mysal aýdanymyzda lukmançylyk ýa-da inženerlik ugurlary. Azyndan iki ýyl hytaý dilini öwrenip, 4000-5000 sany iýeroglif ýat tutmaly bolýar. Şol sebäpli hytaý dilini heniz mekdep ýyllarynda mekdepden daşary dil merkezine gatnap öwrenmek maslahat berilýär.

Hytaý Türkmenistan bilen ykdysady we syýasy gatnaşyklarda esasy partnýorlaryň biri bolup durýar. Iki döwletiň arasynda nebitgaz, energetika, telekommunikasiýa ýaly ulgamlarda ýygjam gatnaşyklar ýola goýlan. 2017-nji ýylyň 3-6-njy iýul aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynyň guramagynda “Türkmenistan — Hytaý: söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk” atly köpugurly sergi gurnaldy. Bu sergide Hytaýyň öňde gelen senagat we söwda kärhanalary öz önümleri bilen tanyşdyrdylar.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok