Çeper elli zenanlar

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň zenan mugallymlarynyň gatnaşmagynda,  Halkara zenanlar gününiň 8-nji mart baýramyna bagyşlap, ýaz paslynyň owadan taraplaryny we talaplaryny açyp görkezmek maksady bilen “Bitaraplygyň bahar gülleri” atly sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu serginiň esasy maksady gözellik duýgysyny tomaşaça eserleriň üsti bilen açyp görkezmek bolup durýardy. Biz muňa estetiki garaýyş diýýäris. Bu garaýyş adamyň estetiki duýgusy, tagam alşy, baha berişi, idealy arkaly ýüze çykýar.

         “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň küýzegär mugallymy, eli çeper zenanymyz Gülara Babaýewa özüniň ajaýyp toýundan ýasalan dürli küýze, mejme we beýleki önümleriniň görnüşleri bilen, kendir we ýagly reňklerde çekilen taslama eserleri bilen gatnaşýar. Muňa mysal edip, “Gyzyl çigildemler”, “Dor atlar”, “Ak altyn”, “Gurbannazar Ezizow”, “Meniň maşgalam”, “Bahar gülleri”, “Durmuşyň mimikasy”, “Arzuwlar”, “Aşyk magşuklar” ýaly eserleri halka hödürläp, ynsanyň gözellik duýgusynyň daşky dünýä bilen, jemgyýet bilen, öz-özi bilen çylşyrymly mehänizmi, dürli düşünjeleriň döremegine getirýär. Bu eserlerde sadadan çylşyrymly durmuşa tarap akgynlygyny görmek bolýar.

“Gözellik – adamyň gözünde” diýlişi ýaly, her kimiň öz edýän işine garaýşy, ökdeligi bolýar. Iň bir ýönekeý işde-de adam parhy görünip durandyr. Edil şonuň bilen baglylykda Türkmenistanyň halk suratkeşi, “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň mugallymy Dursunsolmaz Muhammedowa syrçaly keramika eserleri we farfor gaplary bilen belli küýzegärimizdir. Ol ähli işlerini sünnäläp, owadan reňk öwüşginlerini ýitileşdirmegi başarýar. Olardan “Bagt”, “Tebigat”, “Hakykat”, “Güýz”, “Miweler”, “Ýewropa gyzy”, “Gupbaly gyzjagazlar”, “Näzli”, “Hazyna”, “Daragt” ýaly birnäçe küýzeler we kendiriň ýüzüne ýagly boýaglarda türkmeniň milli tebigatyna bagyşlan, gyzyna bagyşlan, gülleriň dürli görnüşlerinden sergilenen.

Ine-de, ýazyň bark urýan ysy. Baharyň mymyk howasy ynsanlaryň janyny almasa ýagşy. Bu günki sergä “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň mugallymy, pygamber ýaşyny dolduryp oturan Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, halyçy-suratkeşi Annabibi Islamowa maddy medeniýetimizi ösdürmekde gije-gündiz zähmet çekip gelýär. Ökde halyçy zenan öz taryhyny haly eserlerine siňdirip, onuň işlerini synlamak bilen göz ýetirmek bolýar. Halyny köp dokasaň öňüňde Allanyň gudraty bilen birnäçe syrlary açylýar. Muňa göz ýetiren A. Islamowanyň Hudaý tarapyn özüniň döreden tilsimi bar. Biz olary dürli görnüşdäki halyçalarynda, halydan edilen ýan torbalaryň ýagny, “Derweze gölli”, “Kejebe gölli”, “Dagdan nagyşly” sumkalary, düýe ýüňli saçaklaryň görnüşlerinden görmek bolýar. Sünnälenilip edilen bu işler gelijekki nesilleriň islegine öwrülýär. Milli nagyşlar täze döwrebap şekilere geçip, özüniň reňk sazlaşygyny tapýar.

Bular bilen birlikde sergä gatnaşýanlar Annagulyýewa Bahargül “Yhhymmyl”, “Alma agajy”, “Iňňe sapak”, “Haşam küýzeleri”, “Bahar” ýaly eserleri bilen, Babaýewa Gözel “Ajaýyp älem”, Garlyýewa Almagül “Balyklar”, “Milli äheňdäki güller”, “Bukjalyk” ýaly eserleri bilen gatnaşyp, her bir zatda gözellik duýgusyny, gözellik keşplerini predmetleriň üsti bilen açylyp görkezilýär. Şeýlelikde nakgaş eserleri bilen Gylyçlyýewa Bahar “Gurtly köl”, “Gülälekler”, “Baky ýollar”, “Düýe köşek”, “Bedew”, “Kekene”, “Nagmalar” ýaly birnäçe nakgaş eserleri bilen gatnaşyp, tebigatyň ajaýyp keşbini suw damjalarynda, ownuk jandarlaryň keşbinde düşündirmek isleýär. Şol pursatda aýratyn sungat hasaplanýan gobelen eserleri bilen Oguljennet Mollaýewa bilen Jeren Çaryýewa güllere, çigildemlere, türkmen peýzažyny nazarlap, owadan, açyk reňkli ýüplükler bilen  eserlerini hödürlediler. Ol eserlerde janly tebigatyň belli bir görnüşlerine synlamak bolýar.

“Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň ýaş zergär mugallymlary Ogulgerek Myradowa “Altyn balyklar”, “Tawuslar tansy”, “Ýaz ýaprak”, Aýjemal Çaryýewa “Gyrat”, “Köken-ýüzük”, “Monjukatdy” ýaly bezeg şaýlaryny we olar bilen birlikde Şirin Gylyjowa “Goçbuýnuz”, “Dagdan” we “Jümjüme” şaý-sep toplumy bilen sergä gatnaşdylar. Zergär gyzlaryň ellerinden çykýan önümleriň ählisinde türkmen tebigatynyň, zenanlaryň keşplerini, behişdi bedewlerimiziň dünýäsini görmek bolýar. Milli zergärçiligimize mahsus bolan öňden gelýän usullary ulanyp, gymmat bahaly altyn-kümüş metallaryny, hakyk, pöwrize, lazurit ýaly milli daşlary ýerlikli peýdalanmagy başarýarlar.

Ata-babalarymyzdan miras bolup bu gaýtalanmajak gözellikleriň nesilden-nesle geçip, dowam etdirilmegine, onuň şan-şöhratynyň dünýä ýaýylmagyna giň mümkinçilikleri açýan mähriban Prezidentimize alkyşlarymyzyň çägi ýok.

BAHAR MAGTYMOWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok