TÜRKMENISTANYŇ AMALY-HAŞAM SUNGATYNYŇ TARYHYNA BAGYŞLANAN TÄZE KITABYŇ TANYŞDYRYLYŞY

2020-nji ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda bu ýokary okuw jaýynyň “Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň uly mugallymy Maýa Jumanyýazowanyň  ýakynda neşir edilen “Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň taryhy” atly ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu okuw kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyna bu ýokary okuw mekdebiniň halypa mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Dabarada TDÇA-nyň ylmy işleri boýunça prorektory Nurýagdy Ýagşymyradow,  Türkmenistanyň sungatda at gazanan  işgäri  Ogulabat Muhatowa,  Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Jeren Baltaýewa hem-de bu ýokary okuw mekdebiniň uly ylmy işgäri Bilbil Çaryýewa täze neşir edilen kitap barada çykyş etdiler.

Dabaranyň dowamynda “Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň taryhy” kitabynyň many-mazmuny we ähmiýeti dogrusynda bellenilip geçildi. Okuw kitabynda türkmeniň amaly-haşam sungatynyň ähmiýetli ýadygärliklerini gadymy döwürlerden başlap, irki orta asyrlaryň döwrüne we häzirki zamana çenli gelip ýeten nagyşlar, mata dokmaçylygy, bejergi sungaty, metal sungaty, zergärçilik we külalçylyk eserleri, binagärlik sungatynyň bezegleri barada gymmatly maglumatlary özünde jemleýär. Bu okuw okuw kitaby medeniýeti we sungaty öwreniş hünärleri boýunça bilim alýan ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary üçin niýetlenip ondan mugallymlar hem-de sungat bilen gyzyklanýan okyjylar peýdalanyp bilerler. Okuw kitaby girişden, dört bölümden we peýdalanylan edebiýatlardan düzülen. I bölüm “Türkmenistanyň dokmaçylyk medeniýeti” diýip atlandyrylyp, onda türkmen mata dokmaçylygynyň, halyçylyk sungatynyň, gobelen eserleriniň, keçe we palas önümleriniň tehnikasy we tehnologiýasy, reňk çözgüdi, taslama esaslary, nagyş aýratynlyklary baradaky maglumatlar jemlenýär. “Türkmen egin-eşigi we bejergisi” atly ikinji bölüminde türkmen milli matalary, egin-eşikleri, başatgyçlary, başgaplary, bejergileriň görnüşleri dogrusynda beýan edilýär. III bölüm “Zergärçilik sungaty” bolup, onda türkmen zergärçilik sungatynyň taryhy, milli şaý-sepler bilen baglanyşykly rowaýatlary, zergärçilik önümleriň tehnikasy we tehnologiýasy, haşamlanyşy, zenan, erkek, çaga, at şaý-sepleriniň görnüşleri, häzirki zaman zergärçilik sungatynyň özboluşlylygy hakyndaky maglumatlar berilýär. IV bölüm “Külalçylyk we neçjarçylyk – agaç oýma sungaty”  diýip atlandyrylyp, türkmen neçjarçylyk we külalçylyk sungatynyň gadymy döwürden tä häzirki güne çenli çeperçilik taýdan özgerişi barada beýan edilýär.

Ýazgül Beginýazowa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

 “Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň “Sungaty öwreniş”  kafedrasynyň IV ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok