Türkmenistanyň öňdebaryjy kärhanalarynyň gatnaşmagynda Ýerewanda işewürlik maslahaty geçirildi

Ýerewan şäherinde Türkmenistanyň öňdebaryjy kärhanalarynyň, şeýle hem Ermenistan Respublikasynyň döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürlik duşuşygy geçirildi. Çärä dokma we azyk senagaty, oba hojalygy, derman senagaty, logistika, zergärçilik hem-de syýahatçylyk ugurlarynda iş alyp barýan kärhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdy. Duşuşygyň esasy maksady iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny giňeltmek we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin oňaýly şertleri döretmäge gönükdirildi. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.

Maslahatyň dowamynda çykyş eden resmi wekiller, şol sanda iki ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmeleriniň hem-de Ermenistanyň Ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçylary ykdysady mümkinçilikler we telekeçilik üçin döredilen şertler barada giňişleýin maglumat berdiler. Şeýle-de innowasion çemeleşmelere we telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak çärelerine esaslanýan maýa goýum mümkinçilikleriniň tanyşdyrylyşy görkezildi.

Duşuşygyň amaly bölegi türkmen we ermeni kärhanalarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gepleşikleri öz içine aldy. Telekeçiler hyzmatdaşlygy giňeltmek, önümleriň gönüden-göni iberilmegini ýola goýmak we ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlarynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça anyk ädimleri maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň netijeleri ykdysady hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga bolan özara gyzyklanmany tassyklady.

Atajan ROZYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok