Sahna oýunlary - dil öwrenmegiň we özleşdirmegiň innowasion usuly

Soňky ýyllarda iňlis dilini ýa-da islendik daşary ýurt dilini öwrenmegiň usullary barada jedeller edilýär. 

Öňler ene dili ulanylman öwretmek usuly (monolingual) has täsirli diýýän teoriýa ýörgünli bolsa, häzirki wagtda ylmy barlaglar munuň doly beýle däldigini görkezýän netijeler hem aldy. Iki dilli (bilingual) öwretmek usuly dogry ulanylanda has täsirli bolýandygy anyklanyldy.

Iňlis dilini öwretmek boýunça dünýäde nusgalyk hasap edilýän guramalar bolan Oxford University Press we Cambridge University Press tarapyndan döredilen mugallymlar üçin ýörite platformalarynda “gamification” — ýagny “oýunlaşdyrmak”, “sahnalaşdyrmak” usuly barada webinarlarda giň gürrüňler edilýär.

Gamification usuly çaganyň dili özleşdirmeginde peýdasyny anyk görüp bolýar. Emma munuň hem öz kynçylyklary bar. Mysal üçin, ýönekeýje oýun üçin mugallym köp wagt sarp etmeli bolýar. Bu bolsa onuň öňünde duran meýilnamasy esasynda temalary wagtynda ýetirilmezligine ýetirip bilýär. Başga bir mysal, oýunlar ýaş aýratynlygyna we dil biliş ukybyna görä üýtgeýär. Möhletli okuw merkezlerinde garyşyk ýaşda we dürli gelip çykyşdaky diňleýjiler üçin umumy gyzyklanma bildirjek oýunlary düzmek örän kyn mesele bolup durýar.

Soňky 15-20 ýylda döwürde “student centered learning”, ýagny “okatmagyň diňleýji merkezli usuly” has üns merkezinde. Bu usulda öwreniji has işjeň ýagdaýda tutulýar. Mugallymyň orny bolsa “ýetiriji” däl-de, “sazlaýjy” bolup gidýär.

Synpdan daşary çagalaryň özlerine gysga sahnaly rolik taýýarlamak ýumuşy hem bu usuldan esaslanýar. Ýazgyny öz mümkinçilikleri bilen ýerine ýetirýän çagalarda diňe bir dil ukyby däl, eýsem:
– toparlaýyn işleşmek,
– kinematografiýa sungatyna aralaşmak,
– şowsuz kadrlar gaýtalan pursatynda, dil ukybyny kämilleşdirmek,
– ýalňyşyp, tejribe gazanmak ýaly mümkinçilikleri bar.

Türkmenistanda hereket edýän bilim ojaklarynda, orta, orta hünär we ýokary bilim berýän mekdeplerde daşary ýurt dillerini has täsirli öwretmek maksady bilen dürli usuly-amaly işler alnyp barylýar. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» hem hut şu maksada esaslanyp ýola goýuldy edildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň garamagynda orta mekdepleriň mugallymlarynyň arasynda täze 2019/2020-nji okuw ýylyna taýýarlyk maksady bilen Awgust Maslahatlary geçiriler. Bu maslahatlar ýurdumyzyň ähli künjeginde geçirilip, mugallymlar ugurlary boýunça öz aralarynda tejribe alyşarlar, ýyllyk meýilnama bilen tanyş bolarlar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok