Her bir okuwçy üçin mekdep ýyllary — diňe bir bilim alýan döwri bolman, eýsem durmuş ýörelgeleriniň hem esasynyň tutulýan döwrüdir. Okuwçylaryň çagalyk bilen ýaşlyk aralygyndaky bu döwrüniň ahyry bolsa, uçurymlaryň durmuşda ilkinji jogapkärli ädimlerini ätjek pursadydyr.
Mekdep – sapaklary, mugallymlary, synpdaşlary bilen ajaýyp ýatlamalara baý bolan mekdep durmuşyndan uçurym bolmak, köp duýgynyň bilelikde geçýän ýöne bir pursady däl, eýsem täze döwrüň — durmuş mekdebiniň başlanmagydyr. Uçurym bolmak diňe bir hoşlaşyk däl, eýsem öňde garaşýan uly hem-de jogapkärli ýol üçin taýýarlygyň netijesidir.
Durmuş mekdebi — ähli sapaklaryň, soraglaryň öňünden jogap soraýan synagly meýdanydyr. Indi okuwçylar bilim ulgamyndan daşarda-da başarnyklaryny görkezmeli bolýar. Okuwçylaryň indiki ädimi ýokary okuw jaýlaryna giriş, hünär saýlamak, jemgyýetde öz ornuňy tapmak bilen baglanyşykly bolýar.
Bu ýolda üstünlik gazanmagyň esasy şerti — mekdepde öwrenilen terbiýe, zähmete, Watana, maşgala gymmatlyklaryna bolan hormatdyr. Her bir uçurym bilýär: durmuşda üstünlik gazanmak üçin diňe bir bilim däl, eýsem adamkärçilik, tutanýerlilik, maksada ygrarlylyk hem zerurdyr.
Mekdepde alnan bilim — durmuş mekdebiniň ilkinji guralydyr. Şonuň üçin her bir uçurym, mekdep ýyllarynyň taglymatyny ýüreginde saklap, täze durmuşa ynam bilen gadam basmalydyr.
Umuman aýdanyňda, Mekdep durmuşyndan – durmuş mekdebine geçmek, ýaş nesliň ösüş ýolundaky iň möhüm basgançaklaryň biridir. Bu geçiş wagtynda ýaşlara goldaw bermek, olary höweslendirmek we ýollaryny ýagtylandyrmak jemgyýetimiziň hem-de ähli ata-eneleriň borjudyr.
Şirin BAZAROWA,
Aşgabat şäheriniň 78-nji ýöriteleşdirilen
orta mekdebiniň mugallymy.
Teswirler