2025-nji ýylyň 21-nji fewralynda Aşgabatda “Ösüşli oba hojalygy we durnukly toprak dolandyryşy” baradaky ylmy maslahat geçirildi. Çärä Angliýanyň Ilçihanasy we FAO goldaw berdi diýip newscentralasia habar berýär. Maslahata ylmy işgärler, syýasatçylar we daýhanlar ýygnanyp, topraklaryň gaýtadan işlenilmegi, oba hojalygynyň ekosistemalaryny dikeltmek, gıda ulgamyny täzeläp, klimatyň üýtgemegine garşy göreşmekde nähili peýdaly bolup biljekdigi barada pikir alyşdylar.
Regenerasiýa oba hojalygy – bu tebigat bilen işleşmek we topragy dikeltmek usullarynyň ulanylmagydyr. Ekinleriň saýlanmagy we uglerod gazyny azaldylan usullar bilen toprak has sagdyn bolýar we hasyllylyk ýokarlanýar. Bu, daýhanlar üçin hem, ekosistemalar üçin hem peýdalydyr.
Maslahatyň dowamynda, Britaniýadan we beýleki ýurtlardan gelen hünärmenler, üstünlikli metodlar bilen ýerleriň sagdynlaşdyrylýandygyny we klimatyň üýtgemeginiň ýeňil boljakdygyny paýlaşdylar. Türkmenistanda, gurakçylyk we suw ýetmezçiligi ýaly meseleler üçin regenerasiýa usullary çözgüt hökmünde teklip edildi.
Bu çärä gatnaşanlar, regenerasiýa oba hojalygynyň giňden ýaýramagy üçin başlangyç çykdajylary we bilim ýetmezçiliklerini ýeňip geçmek üçin syýasatçylar we hususy şahsyýetleriň işleşmegini maslahat berdiler. Ösüşli oba hojalygy, Türkmenistan üçin ekologik taýdan arassa geljegini guramakda möhüm ädimdir.
Döwran Muhyýew
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň 2-nji ýyl talyby.
Teswirler