Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetçilik durmuşymyzda bolup geçýän möhüm ähmiýetli wakalar döwletimiziň sebit we ählumumy derejede abadançylygyň, ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän daşary syýasatynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy eziz Türkmenistan ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamany biragyzdan kabul etmeginden gelip çykýar. Munuň özi ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işleriniň ykrar edilýändiginiň nobatdaky güwäsidir. Sebitde we dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagy ugrunda çykyş edýän Türkmenistan bilen BMG we onuň abraýly düzümleri tarapyndan özara hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýändigini bellemek gerek. Şeýle-de Türkmenistan diýarymyzyň ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, durnukly ösüşiň maksatlaryna gönükdirilen syýasatyna, bu ugurdaky başlangyçlaryna ýokary baha berilýär.
Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, dünýä halklary bilen özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyndaky” ýola goýulýan işleriň esasy ugurlarynyň biridir. Ýewropa Bileleşigi hem-de oňa agza ýurtlar bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatynda hem işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Bu formatyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 2023-nji ýylyň oktýabrynda Lýuksemburgda geçirilen nobatdaky duşuşygynda sebitara gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki “Ýol kartasy” kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça 2025-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabatda parlamentara dialogyň nobatdaky duşuşygyny, Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 20-nji mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle-de Türkmenistan ýurdumyzyň 2025-nji ýylda BMG bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrmagy göz öňüne tutýan meýilnamalary, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy taýýarlanyldy. Bu resminamada ýurdumyzyň häzirki zamanyň ählumumy gün tertibiniň esasy meselelerine garaýyşlary, özara ynanyşmak, dialog we jogapkärçilik esasynda döwletleriň tagallalaryny birleşdirmek barada türkmen tarapynyň garaýyşlary doly kesgitlenilýär.
Bitarap Türkmenistan GDA ýurtlarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň meselelerinde hem işjeň we başlangyçly orny eýeleýär. Ýurdumyz GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde Arkalaşygyň çäklerindäki möhüm duşuşyklardyr forumlara, halkara maslahatlara yzygider gatnaşýar. 2024-nji ýylyň 24-nji maýynda Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilip, onda paýtagtymyz Aşgabady «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek hakynda Çözgüde hem gol çekildi.
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň nyşanynda hemişelik Bitarap Watanymyzyň ösüşlerini alamatlandyrýan ýaşyl, dik ýokary ösýän derek agajynyň ýerleşdirilmegi, Garaşsyzlygy hem Bitaraplygy alamatlandyrýan uçup barýan ak reňkli laçynyň şekiliniň, parahatçylyk söýüji ýurdumyzyň Bitaraplygynyň BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilendigini aňladýan zeýtun baldajyklarynyň bolmagy şanly ýylymyza özboluşly öwüşgin çaýýar. Şanly ýylymyzyň belent şygary hem-de onuň baý many-mazmuny üstümizdäki ýylda döredilmeginiň 80 ýyllygyny belleýän BMG-niň taryhynda möhüm tapgyr bolup hem çykyş edýär. Bu ýylda ýurdumyzyň Milletler Bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilmegi 2025-nji ýylyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Umuman, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende götermegiň, ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegiň, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň bähbidine “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” ýurdumyzda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler uly-uly üstünliklere beslenýär.
Jemal MÄMMEDOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
Roman-german dilleri we edebiýaty
fakultetiniň Iňlis dili we edebiýaty
hünäriniň IV ýyl talyby.
Teswirler