Balykçylyk pudagy iýmit we ekologik durnuklylygyň çeşmesi

Balykçylyk pudagy dünýäniň dürli sebitlerinde iň möhüm iýmit üpjünçilik çeşmeleriniň biri bolup durýar. Bu pudak diňe bir adamzadyň iýmitlenmegine däl, eýsem, millionlarça adamyň iş üpjünçiligine we ykdysady ösüşe-de täsir edýär. Şeýle-de bolsa, balykçylyk pudagynda tebigy deňagramlylygy saklamak, durnukly ösüşe ýakynlaşmak bilen birlikde möhüm wezipeleriň biri bolup galýar.

Balyk dünýäniň köp ýurtlarynda iň möhüm iýmit çeşmeleriniň biridir. Ol ýokary derejeli belok, omega-3 ýag kislotalary, witaminler we minerallar bilen baý bolup, adam saglygy üçin ägirt uly ähmiýete eýedir. Balyk we deňiz önümleri, esasan hem, adamyň ýürek-damar saglygyny gowulandyrmaga we immun ulgamyny güýçlendirmäge ýardam edýär.Bu pudak tutuş dünýä boýunça iş orunlarynyň millionlarçasyny üpjün edýär. Uly göwrümli balykçylykdan başlap, kiçi göwrümli balykçylyga çenli dürli görnüşdäki iş bilen meşgullanýan adamlaryň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna täsir edýär. Şeýle hem balykçylyk bilen bagly işewürçilikleriň, şol sanda gaýtadan işleýän zawodlaryň we logistikanyň ösmegine itergi berýär.

Soňky onýyllyklarda balyk populýasiýalarynyň köpüsiniň azalýandygyny görýäris. Munuň esasy sebäbi bolsa aşa köp balyk tutmagyň netijesinde suw jandarlarynyň köpelmek üçin ýeterlik mümkinçilige eýe bolup bilmezligidir. Himiki serişdeler, plastik galyndylar we beýleki hapalaýjy elementler balykçylyk pudagyna howp salýar. Hapalanan suwlarda balyklar ýaşaýyş ukybyny ýitirýärler, bu bolsa olaryň sanynyň azalmagyna we iýmit zynjyrynyň bozulmagyna sebäp bolýar.

Aşa köp balyk tutmagy çäklendirmek we gorag kanunlaryny berjaý etmek bu pudagyň sagdyn ösüşine itergi berýär. Suw resurslarynyň doly goralmagy we dogry dolandyrylmagy suwda ýaşaýan jandarlaryň nesil dowamlylygyny üpjün eder.

Balykçylyk pudagy dünýäniň ykdysadyýetinde, iýmit üpjünçiliginde we biologiki deňagramlylygy saklamakda möhüm orny eýeleýär. Emma bu pudak tebigatyň näzik balansyna bagly bolup, durnukly ösüşiň esasy ýörelgelerine eýermek zerurdyr. Tebigy baýlyklarymyzdan dogry peýdalanmak we olary geljek nesiller üçin gorap saklamak adamzadyň jogapkärçiligidir. Beýleki pudaklar bilen deňeşdirilende, balykçylyk pudagy diňe bir ýaşaýyş üçin däl, eýsem, bütin dünýäniň saglygy we durnuklylygy üçin hem möhüm ähmiýete eýedir.

Arslan Atagylyjow
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň weterinar
lukmançylygy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok