Türkmenistanda miwe we bakja önümçiligi oba hojalyk pudagynyň wajyp bölümi bolup durýar. Önümçiligiň esasy maksady diňe bir ýurdumyzyň ilatyny üpjün etmek däl, eýsem, daşary ýurt bazarlaryna eksporty artdyrmakdyr.
Ýurdumyzda dürli miwe we bakja önümleri bilen meşhur bolan sebitler tehnologiýalary peýdalanmak bilen, öndürijiligi yzygiderli ýokarlandyrýarlar. Hususan-da, ýyladyşhanalarda ýetişdirilýän önümler diňe bir howa şertlerine bagly bolman, eýsem, ýylyň islendik paslynda bazarlara täze önümleri hödürleýär. Bu bolsa içerki we daşarky bazarlaryň isleglerini kanagatlandyrmaga mümkinçilik döredýär.
Häzirki wagtda sitrus miweleri, üzüm, nar we şetdaly ýaly önümler halkara bazarlarda uly islege eýe bolup, olaryň eksporty üçin ýörite üstaşyr ulgamlary döredilýär. Bu ugurda döwrebap saklaýyş we gaplaýyş tehnologiýalarynyň ulanylmagy önümleriň hilini saklamaga we olaryň daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün edýär.
Daýhan hojalyklarynyň maliýe goldawyna eýe bolmagy, banklardan ýeňillikli karzlaryň berilmegi, oba hojalyk tehnikalarynyň elýeter bolmagy ýaly çäreler hem bu pudagyň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär.
Altybaý ŞIRMEDOW,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň talyby.
Teswirler