Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz daşary ýurtlaryň ençemesi bilen deňhukukly gatnaşyklary ilerletmekde netijeli işleri durmuşa geçirmek bilen, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň üpjün edilmegine saldamly goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýan döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli ýola goýýar, abraýly halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.
2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly şygarynyň hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusynyň esasynda hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli saýlanyp alnandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu ýylda Garaşsyz Watanymyz hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy giňden baýram ediler. Bu waka mynasybetli ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde birnäçe halkara çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu dabaralary ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk döwlet topary hem döredildi.
Belli bolşy ýaly, Türkmenistan ýurdumyz abraýly halkara we sebit guramalary, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň birnäçe Kararnamalary-da döwletimiziň başlangyjy esasynda taýýarlanyldy we kabul edildi.
Sebit we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, Türki Döwletleriň Guramasy bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary mysal getirmek bolar. Ýurdumyz 2021-nji ýyldan bäri TDG-de synçynyň derejesine eýedir. 2024-nji ýylyň martynda Aşgabatda türkmen halkynyň Milli Lideri gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň geçirilmegi döwletimiziň bu guramanyň işine işjeň gatnaşýandygyny aýdyňlygy bilen subut etdi. Bitarap Türkmenistan ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň meselelerinde hem işjeň orny eýeleýär. Ýurdumyz GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde Arkalaşygyň çäklerindäki möhüm duşuşyklardyr forumlara yzygiderli gatnaşýar, şeýle hem olary geçirýän tarap hökmünde çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň maýynda paýtagtymyz Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.
Ýurdumyzyň Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklary hem oňyn häsiýete eýe bolup, «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» dialogy muňa gönüden-göni ýardam berýär. Türkmenistan sebit we sebitara gatnaşyklaryň geljegi uly meýdançasy hökmünde özüni tanadan «Merkezi Aziýa+» görnüşindäki hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Bitaraplyk hukuk ýagdaýy esasynda parahatçylyk ýörelgesini ilerletmek, ählumumy we sebit howpsuzlygyny üpjün etmek, döwletara gatnaşyklarda deňhukukly dialog, ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmakda Watanymyzyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgeleri häzirki döwrüň geoykdysady gatnaşyklaryna goşulyşmaga, wajyp meseleleri çözmäge işjeň gatnaşmaga esaslanýar. Türkmenistan Watanymyz bu ugurda saýlap alan ugruna üýtgewsiz eýermek bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin zerur şertleriň döredilmegine hemmetaraplaýyn goşant goşmagy maksat edinýär we bu ugurda yzygiderli tagallalary edýär.
Umuman aýdylanda, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» ýurdumyzyň taryhynda ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge, dünýä halklarynyň arasynda netijeli, dostlukly, ynanyşmak ýörelgesine esaslanýan gatnaşyklary pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge mynasyp goşant goşýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrmakda, täze daşary syýasy üstünlikler bilen baýlaşdyrmakda möhüm wakalara baý ýyl bolar diýip berk ynanýarys.
Dilfuza MIRZOÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
Roman-german dilleri we edebiýaty we
olary okatmagyň usulyýeti
kafedrasynyň mugallymy.
Teswirler