Iň gadymy organizm bolan pando agaçlary, dünýäniň iň gadymy agajy hökmünde bellidir. Alymlaryň pikiriçe, bu agaçlar hiç haçan “ölmeýärler”, takmynan 50 müň kökden ybarat bolan Pando agaçlarynyň ajaýyp ýerasty ulgamy bar. Mundan başga-da, olaryň kökleri her ýyl täzelenýär. 80 müň ýyl töweregi diýlip çak edilýän bu agaçlar aslynda derek agajynyň bir görnüşidir.
Pando agaçlarynyň hiç haçan ölmezliginiň sebäbi kökleriniň hemişe diri galmagydyr. Bu kökler yzygiderli täzelenýär. Bu agajyň watany ABŞ-nyň Utah ştaty hasaplanýar. ýerleşýän bu agaç koloniýasy kökleri bilen aragatnaşyk saklaýar we birek-biregi iýmitlendirýär.
Latyn dilindäki “ýaýraýan” sözünden gelip çykan Pando ady, aslynda bu agaçlaryň köpelişi barada maglumat berýär. Köklerinden täze organizmleri öndürýän agaçlaryň hemmesi biri-biri bilen ýerasty baglanyşykda. Häzirki wagtda bu agaçlaryň jemi sany 47 müň bolup, olaryň umumy agramy 6 müň tonna golaýdyr. Olaryň iň ulusy bolsa 130 ýaşynda diýlip çaklanylýar.
Pando agaçlary guranyndan soň, olaryň düýbünden birnäçe täze ýaş nahallar çykýar. Şol sebäpli hem bu agaçlara “ölümsiz” diýilýär. Şeýle hem bu agaçlar tebigy betbagtçylyklara-da örän çydamly. Tokaýda ýangyn döräp, agaçlar ýok bolsa hem, ýerasty kökler täze agaçlary döretmäge ukyply.
Emma, gynansak-da, adamzat daşky gurşawa oňaýsyz täsirini ýetirýär. Pando agaçlary, adam işjeňliginiň netijesinde ýüze çykýan ekologiki we daşky gurşaw üýtgemeleri sebäpli kem-kemden azalýar.
Suraý ANNAMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler