Mallar dok we ýyly gyşladylýar

Mälim bolşy ýaly, gyş pasly janypkeş maldarlar üçin jogapkärli synag döwri hasaplanýar. Munuň şeýledigine oňat düşünýän dowardarlar bu möhüm möwsüme hemmetaraplaýyn ykjam taýýarlykly geldiler. «Oty köpüň — maly dok» diýen pähimden ugur alyp, ýurdumyzyň maldarçylyk hojalyklarynyň agzybir işgärleri, çopandyr çoluklary dowarlar üçin ot-iýmleri taýýarlamakda bar bolan kaşarlarda we agyllarda göwnejaý abatlamak işlerini ýerine ýetirdiler.

Möhüm möwsümiň üpjünçilik meselesiniň göwnejaý çözülmegi, çopan-çoluklaryň zerur durmuş hajatlary bilen doly üpjün edilmegi işleri sazlaşykly guramaga, iň esasy-da, hojalykdaky dowarlarydyr beýleki mallary orta semizlikde saklamaga, önümçiligi ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Maldarlar gyşyň häzirki howa şertlerinde iri şahly mallaryň, dowarlaryň we düýeleriň orta semizlikde gyşladylmagyny gazanýarlar. Gyş möwsüminiň öňýanynda ýokary hilli ot-iým ätiýaçlygynyň döredilmegi, agyllardyr ýataklaryň, kaşarlaryň talabalaýyk taýýarlanylmagy bu işde üstünlik gazanmakda esasy şertleriň biri boldy.

Uzak Garagumuň amatly ýaýlalarynda, oňaýly örülerde gyşladylýan dowarlary hem dok saklamakda çarwalaryň her biri işiň jogapkärçiligine oňat düşünýär. Olar owlak-guzy möwsümine hem şu günlerden ykjam taýýarlyk görýärler.

Begenç DÖWLETOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok