2024-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň hytaý diline terjime edilen kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Çärä diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, mugallymlar, talyplar, şeýle-de Hytaýdan gelen wekiller gatnaşdylar. Çykyş edenler şahyryň eserleriniň iki halkyň ynsanperwer we medeni gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdaky ähmiýetini nygtadylar.
Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenleriň bellemegine görä, Magtymguly Pyragynyň filosofik we ynsanperwer pikirleri dünýäde parahatçylygy we dost-doganlygy wagyz etmekde uly ähmiýete eýe.
Bu çäre türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň medeni diplomatiýa ugurly hyzmatdaşlygynyň täze basgançaga çykarylandygyny ýene bir gezek görkezdi. Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň taryhy köklerine üns çekilip, olaryň häzirki wagtda strategik hyzmatdaşlyk derejesine ýetendigi bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Serdaryň tagallalary bilen beýik akyldaryň eserleriniň halkara abraýynyň yzygiderli artýandygy dabaranyň esasy meselesi boldy. Magtymgulynyň eserleriniň hytaý dilinde terjime edilmegi iki halkyň arasyndaky medeni köprüleriň berkemegine goşant goşýar.
Nurjemal HANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler