Kädiniň dermanlyk ähmiýeti

Kädi diňe peýdaly elementleriň baý bolmak bilen çäklenmän, olaryň diňe bir etinde däl, eýsem çigidinde hem-de güljagazlarynda hem peýdaly maddalar saklanýar. Bu önümiň düzümindäki karotin käşiriň düzümine garanyňda 4-5 esse köpdür. Karotin bedene düşüp, A witaminine öwrülýär we görüşiň saglygynda peýdaly bolup, güýçli antioksidant bolup durýar. Önümiň düzüminde C, E, K we B witamin toparlarynyň ählisi diýen ýaly bar. Kädi çigidinde köp mukdarda mikroelementler saklanýar, olar düzümindäki sink boýunça bolsa öňdäki üçlige girýär.

Kädi peýdaly elementlere baý bolup, berhizlik üçin ýygy-ýygydan peýdalanylýar. Gadymy zamanlarda bu önümden dürli dermanlyk serişdeleri taýýarlanylypdyr, Lukman Hekim bolsa ony rahatlandyryjy, köşeşdiriji melhem hökmünde ulanmagy maslahat beripdir. Taryhçylaryň maglumatlaryna görä, kädi mundan ençeme müňýyllyklar öň hem ulanylypdyr.

Az kaloriýalylygy sebäpli önüm berhizde ulanylýar, sebäbi onuň düzüminde krahmal, holesterin, zyýanly ýaglar ýok, şeker az mukdarda saklanýar. Önümiň 100 gramynda bolsa bary-ýogy 22 kaloriýa, şeýle-de 1 gr beloklar, 0.1 gr ýaglar, 4.4 gr uglewodlar badyr.

Elbetde, ähli peýdaly önümleriň belli bir ýagdaýlarda beden saglygyna zyýan ýetirýän halatlary hem bar. Kädi iýmit-siňdiriş ulgamynda näsazlygy, böwreklerinde daş bolan adamlara maslahat berilmeýär. Şeýle-de, çig kädini çagalara we gartaşan, süýji keseli bolan adamlara iýmek zyýanlydyr. Mundan başga-da, kädi çigidiniň 100 gramynda 559 kaloriýa bolanlygy sebäpli, berhiz saklananda ony kabul etmekden saklanmalydyr.

Düzüminde köp mukdarda kaliý saklanmagy kädini ýürek-damar kesellerinde, damarlaryň diwarjyklaryny berkitmekde gymmatly önüme öwürýär. Dünýäniň halklarynyň aşhanasynda kädi giňden ulanylýar, ondan dürli işdäaçarlar, buglamalar, süýjülikler taýýarlanýar. Kädiniň ýagtylygyň, gün şöhlesiniň düşmeýän, sowuk we salkyn ýerinde 1-2 ýylyň dowamynda saklap bolýandygy täsindir. Muňa garamazdan, ýetişen önümi 1-2 aýdan geçirmän ulanmak maslahat berilýär. Kädiniň şiresi ysgynsyzlykda, ýadawlykda we uky ýetmezçiliginde peýdaly melhem hasaplanýar.

Aýlar REJEPOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok