«Gökde pelpelleýän guşuň goşa ganaty bar. Ganatlary guşa uçmak üçin ýardam berýär. Aslynda bu ýagdaý ynsanlar babatda hem şeýle. Her bir ynsanyň hem goşa ganaty bar. Olar–ylym hem bilim diýilip atlandyrylýar. Bu iki barlyk ynsana beýik üstünliklere sary uçmaga ýardam berýär. Ylym-bilim babatynda kemter gaýdan ýeri bolan ynsan üstünliklere sary uçmak bagtyndan hem mahrum bolýar». Bu sözler meniň atama degişli. Atam agtyklaryna hemişe üstünlikleriň täze belentliklerini nazarlamalydygyny ýaňzydýan hekaýadyr rowaýatlary gürrüň bererdi. Biz hem şeýle gürrüňlerden gulagymyz ganansoň ylym-bilimi ynamly basgançaklarymyz hasaplardyk.
Biziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda milli ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça uly tagallalar edilýär. Ýurdumyzyň obadyr şäherlerinde durmuş ulgamyna degişli desgalar bilen birlikde, döwrebap bilim edaralary hem gurulýar. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaş nesliň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, döwletimiziň we jemgyýetimiziň syýasy, ykdysady, medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmagy üçin oňaýly şertler döredilýär. Munuň özi, jemgyýetiň bitewiligini, berkligini, agzybirligini we jebisligini aňladýar. Bu bolsa döwletde amala aşyrylýan belent sepgitlere we özgertmelere ýetmek üçin milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde ýaşlaryň ýakyndan gatnaşmagyna ýardam berýär.
Biz — bagtyýar ýaşlar, özümiz üçin döredilýän mümkinçilikleri tutuş süňňümiz bilen duýýarys. Döredilýän mümkinçiliklere jogap hökmünde, yhlasly okap, halal zähmet çekip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda gazanylýan üstünliklere saldamly goşant goşmagy beýik maksat edinýäris. Bu mukaddes maksadymyzyň myradyna gowuşjakdygy hem ikuçsyzdyr. Çünki Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eserinde belleýşi ýaly, bu ýer türkmen topragy, onda topraga atan her bir dänäň dessine şineläp, boý alyp, ösmek bilen bolýar. Oturdan her bir daragtyň tiz wagtda saýa hem hasyl berýär. Bu toprak şeýle bir ýer, ýürekden aýdylan, orta atylan her bir ýagşy pikir, süýji hyýal hakykata öwrülmäge ukyplydyr. Diýmek, bu ýerde täze bir günüň, ýa müň günüň däl, eýsem, tutuş bir eýýamyň düýbi tutulýar. Bu eýýamda amala aşyryljak beýik işlere mynasyp goşant goşmakda bolsa, biz — ýaşlara goşa ganatymyz–ylym-bilimimiz hemaýatkär. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz nusgalyk mekdep.
Goý, Watanymyzyň ylym-bilim binýadyny berkden tutup, ösüşleriň täze menzillerini nazarladýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Maede ABBASOWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky
inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň
Dil öwreniş bölüminiň talyby.
Teswirler