Dil diňe bir aragatnaşyk serişdesi bolman, eýsem, ýurduň däp-dessurlarynyň, estetikasynyň we jemgyýetçilik kadalarynyň beýanydyr. Şoňa görä-de, diller dünýäniň derwezesi hasaplanylýar. Biziň bu babatda aýdanlarymyzy Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapdaky «Dil bilen dana, dil bilmeýän diwana», «Dil bilen dünýäni gezer», «Dil bilenler galadyr, dil bilmezler — beladyr», «Kitap okamaýan bir dili biler, kitap okaýan kän dili biler» diýen ýaly nakyllardyr atalar sözleri-de dolulygyna delillendirýär.
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. Birnäçe orta mekdepleriňdir ýokary okuw mekdepleriniň rus, iňlis, nemes, ýapon, fransuz, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen bolmagy munuň aýdyň mysalydyr.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda ýaşlar tarapyndan ürç edilip öwrenilýän dilleriň biri-de ýapon dilidir. Ýapon dili dünýäde iň möhüm dilleriň biridir. Bu dil özüniň gurluşy bilen tapawutlanýar. Köp dillerden tapawutlylykda ýapon dilinde az sanly çekimli seslerden ybarat bolan ýönekeý fonetik ulgam bar. Bu dil Kanji, Hiragana, Katakana diýilip atlandyrylýan üç sany elipbiýi öz içine alýar. Her elipbiýiň bellibir ýerine ýetirýän wezipesi bolup, Kanji kök sözler üçin, Hiragana grammatiki taraplaryny aňlatmak üçin, Katakana bolsa alynma sözler we daşary ýurt atlaryny ýazmak üçin ulanylýar.
Bu diliň ösüş prosesi ýurduň medeniýeti we taryhy bilen berk baglanyşykly. Ýaponlaryň globallaşma netijesinde beýleki dillerden, esasanam iňlis dilinden täsirlenmegi netijesinde köp sanly alynma sözler emele gelýär. Katakanada beýan edilýän alynma sözler Ýaponiýanyň beýleki medeniýetler bilen arabaglanyşygynyň bardygyny görkezýär. Bu dilde ýüzlenýän adamyňa baglylykda sözleýiş ulgamynda üýtgeşmeleriň bolmagy Ýaponiýanyň jemgyýetçilik gurluşyny, medeniýetini we sözleýiş ussatlygyny açyp görkezýär. Sözleýiş medeniýeti nusga alarlyk bolan ýaponlaryň şahyrana edebiýaty hem dünýäde meşhurdyr. Ýapon edebiýatynda prozadyr poeziýa hem, halk döredijiligine degişli nakyllardyr atalar sözleri hem tebigat bilen ynsan duýgularynyň arasyndaky çuňňur baglanyşygy beýan edýär.
Bu dili öwrenmek arkaly öwreniji birnäçe mümkinçilikleriň miwesini gazanýar. Globallaşýan dünýäde ýapon dilini öwrenmek köp sanly şahsy we hünär artykmaçlyklaryny hödürleýär. Bu dili öwrenýän öwreniji Ýaponiýanyň medeniýetine we metbugatyna, baý medeni mirasyna, şol sanda edebiýat, film, teatr ýaly sungatyň ähli görnüşlerine elýeterlilik gazanýar, terjime zerurlygy bolmazdan, ýapon awtorlarynyň eserlerini asyl nusgasynda okap bilýär, tehnologiýa, önümçilik we awtoulag ýaly pudaklar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik gazanýar. Özboluşly gurluşy we ýazuw ulgamy bolan bu dil her bir öwrenijiniň aň-bilim ukybyny kämilleşdirýär.
Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň aglabasy Ýaponýanyň baýry ýokary okuw mekdepleri bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýar. Olaryň arasynda talyp alyş-çalşygynyň hem amala aşyrylmagy kärine ökde hünärmenleri ýetişdirmekde alnyp barylýan işlere özüniň oňyn täsirini ýetirýär.
Biz — ýaşlaryň okamagymyz, öwrenmegimiz, daşary ýurt dillerini suwara bilmegimiz, kämil hünärmenler bolup ýetişmegimiz üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Maede ABBASOWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky
inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň
Dil öwreniş bölüminiň talyby.
Teswirler