Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan ýurdumyzda oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegine berilýän üns has-da artmak bilen, häzirki zaman oba hojalyk tehnologiýalarynyň, takyk ekerançylyk ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagyna we ýerine ýetirilýän işleriň awtomatlaşdyrylmagyna, oba hojalyk önümlerini öndürijilere serişdeleri has netijeli dolandyrmaga, ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply azyk önümleriniň önümçiligini yzygiderli artdyrmaga giň ýol açylýar. Alnyp barylýan döwlet syýasatynyň netijesinde pudagyň kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegi olary täze-täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň oba hojalyk tehnikalary, enjamlary satyn alynýar. Şeýle-de pudakda ylmy-barlag işleriniň, ylmy gözlegleriň geçirilmegi, şol ylmy işlere ýokary bilimli hünärmenleriň, ýaşlaryň işjeň ýagdaýda çekilmegi esasy şertleriň biri bolup durýar. Oba hojalykçy professor-alymlaryň, edermen daýhanlaryň, ugurdaş hünärmenleriň, ussat ekerançylaryň tutanýerli, halal zähmeti esasynda oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygy ýokarlanyp, azyk binýady üpjün edilýär.
Ýaňy-ýakynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde sanly ulgam arkaly «Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ylmy-amaly maslahata ýurdumyzyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Belarusuň ýokary okuw mekdepleriniň, ugurdaş ylmy edaralarynyň degişli wekilleri gatnaşdylar. Geçirilen maslahatyň dowamynda oba hojalyk pudagynda özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, tejribe alyşmak, öňde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilen halkara ylmy-amaly maslahat öz işini «Agronomçylyk, bagbançylyk we ekologiýa», «Agrosenagat toplumynda ykdysadyýet we dolandyryş, ynsanperwer, matematika ylymlary, agroinženerçilik», «Azyk senagaty, suw hojalygynda innowasion tehnologiýalar, zootehniýa we weterinar lukmançylygy, ýeňil senagat» atly bölümçelerde dowam etdi.
Bu halkara ylmy-amaly maslahatda ýer-suw serişdeleriniň tygşytly peýdalanylmagyna, döwrebap tehnologiýalaryň, ylmyň soňky gazananlarynyň önümçilige giňden ornaşdyrylmagyna, döwrüň möhüm talaby bolan «ýaşyl» ykdysadyýet konsepsiýasynyň oba hojalyk pudagyna ornaşdyrylmagyna, ählumumy durnukly azyk üpjünçiligine gönükdirilen möhüm çäreler öz beýanyny tapdy. Çünki biziň ýurdumyzda türkmen alymlary, oba hojalykçy hünärmenler tarapyndan ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygyny ýola goýmak, önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmak üçin degişli işleriň alnyp barylmagyna, ugurdaş halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyga uly orun berilýär. Bu ugurda toplumlaýyn işleriň durmuşa geçirilmegi esasynda guralýan degişli halkara sergileriň, ylmy maslahatlaryň, işewürlik duşuşyklarynyň sany diýseň kän.
Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.
Teswirler