Amerikaly alymlar dünýäniň iň gadymy we agyr janly organizmini, Pando klon tokaýyny, ABŞ-nyň Ýuta ştatyndaky Fishlake Milli tokaýynda gözden geçirdiler. Pando, “Men ýaýraýaryn” diýmek manysyny berýän latyn sözünden gelip çykýar. Ol, genetik taýdan birmeňzeş 47,000 töweregi titremedik derek agaçlardan (Populus tremuloides) ybarat bolup, umumy kök ulgamy arkaly birleşýär.
Bu tokaýyň gelip çykyşynyň soňky buz eýýamyndan has öň, takmynan, 14,000-80,000 ýyl aralygynda başlanandygy çak edilýär. Her agaç kämillige ýetip, öleninden soň köklerinden täze şahalar çykarýar, bu bolsa onuň dowamly ösmegini üpjün edýär. Pandonyň umumy agramy takmynan 6,600 tonna deňdir we bu görkeziji ony dünýäniň iň agyr janly organizmi hökmünde görkezýär.
Pandony goramak boýunça çäreler 1987-nji ýylda başlanyp, onuň ösmegini goldamak maksady bilen agaçlaryň kömelekden we haýwanlaryň zyýanly täsirlerinden goralmagy üçin ätiýaçlyk çäreleri görülýär. Emma alymlar Pandonyň kök ulgamynyň ýaşy ulaldygy sebäpli täze baldaklaryň azalýandygyny we haýwanlaryň täze ösüntgileri ýok edýändigini belleýärler. Bu tokaýy gorap saklamak üçin ýörite çägeler bilen çäklendirmek ýaly çäreler amala aşyrylýar.
Pandonyň genetik durnuklylygy we onuň tebigaty, alymlary beýleki klon tokaýlary, şol sanda Ortaýer deňzindäki Posidonia oceanica deňiz otlary ýaly gadymy ekoulgamlar bilen deňeşdirmäge iterýär. Bu tokaýyň taryhy we häzirki ýagdaýy alymlaryň üns merkezinde bolmagyny dowam etdirýär.
Jahan Mirabowa,
Türkmen oba hojalyk institutyň
Agronomçylyk fakultetiniň
2-nji ýyl talyby.
Teswirler