Aýlawly himiýa we gaýtadan ulanyş, häzirki döwürde himiýa senagatynda iň ösen we ekologik taýdan täsir galdyryjy temalaryň biri bolup durýar. Aýlawly ykdysadyýet konsepsiýasy zyňyndylary azaltmak we täzelenýän energiýa çeşmelerine geçmek arkaly himiýa senagatynyň daşky gurşawa ýetirýän täsirini kemeltmegi maksat edinýär. Bu konsepsiýa, ilkinji nobatda, ulanylan himiki materiallary täzeden gaýtadan ulanmak arkaly galyndylaryň köpelmeginiň öňüni almaklyga, şeýle hem tebigy resurslary tygşytly sarp etmeklige gönükdirilendir.
Aýlawly himiýa daşky gurşawyň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen birlikde, öňden bar bolan himiki prosesleri täze, arassa tehnologiýalar bilen çalyşmagy göz öňünde tutýar. Bu bolsa galyndy gazlaryň we beýleki zyýanly zyňyndylaryň azaltmagynda täsirli usullaryň işlenip düzülmegine ýardam edýär. Mysal üçin, bio-esasly materiallardan öndürilen plastinkalar ýa-da biohimiki maddalar, adaty himiki prosesler bilen deňeşdirilende, has az energiýa sarp edip, az galyndy döredýär.
Häzirki wagtda sanly tehnologiýalar bilen aýlawly himiýanyň utgaşdyrylmagy möhüm ähmiýete eýe bolup, emeli intellektiň ulanylmagy bilen täze materiallary tapmak çaltlaşdy. Emeli intellekt kömegi bilen himiki bileşikleri öňünden çaklamak we gaýtadan ulanyşa laýyk himiki maddalary kesgitlemek işinde has täsirli netijelere ýetilýär. Mysal üçin, emeli intellekt esasynda işlenip düzülen häzirki zaman programmalar täze materiallary çalt gözlemek we barlamak bilen uly mümkinçilikleri açýar.
Himiýa senagatynda täsir galdyryjy bir başga ugur bolsa, kömürturşy gazyny peýdaly himiki maddalara öwürmek boýunça amala aşyrylýan taslamalardyr. Bu usul “CO₂ to chemicals” diýlip atlandyrylýar we ol atmosferadaky kömürturşy gazyny zyýanly galyndy hökmünde däl-de, himiki serişdeleriň bir bölegi hökmünde ulanmagyň mümkinçiliklerini döredýär. Şunuň ýaly tehnologiýalaryň öňe çykmagy daşky gurşaw üçin uly ähmiýete eýe bolup, şol bir wagtyň özünde täze önümçilik çemeleşmelerini işläp düzmekde hem möhüm rol oýnaýar.
Bio-esasly önümçilik arkaly himiki serişdeleriň täze görnüşleri hem öndürilýär. Bu usulda ösümlik we mikroorganizmlerden alynýan çig mallar bilen ekologiýa taýdan arassa önümçilik tejribeleri guralýar. Mundan başga-da, bio-esasly plastikler we olaryň görnüşleri, geljekde adaty plastinkalaryň ýerini almagyna garaşylýar. Bu önümler biodegradirlenip, tebigata zyýan bermezden ýitip gidýär. Şeýle materiallar diňe bir daşky gurşawy goramak bilen çäklenmän, peýdaly himiki maddalaryň has ýokary hilli önümçiligini hem üpjün edýär.
Aýlawly himiýa diňe bir ekologiýa däl, eýsem ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmegiň ýoludyr. Dünýäniň iri himiki kompaniýalary hem öz önümçiliklerinde aýlawlylygy ýola goýmak üçin millionlarça dollar maýa goýumlaryny ýola goýýar. McKinsey-niň berýän maglumatlaryna görä, iri kompaniýalar bu ugurda tehnologiýa we täze önümçilik modellere uly üns berýärler. Şeýle taslamalaryň ösüşe goşýan paýy, gaýtadan işlemek we energiýany tygşytlamak arkaly tebigy serişdeleriň durnukly ulanylmagyna mümkinçilik döredýär.
Netijede, aýlawly himiýa we gaýtadan ulanyş senagatyň ösüşinde uly täsir galdyryjy faktor bolup, daşky gurşawy gorap saklamak bilen birlikde, himiki önümçilikde täsirli we peýdaly täzelikleri getirýär. Bu ugurda üstünlik gazanmak üçin kompaniýalar täze tehnologiýalara we bio-esasly materiallara maýa goýýarlar, bu bolsa geljekde himiki senagatyň has durnukly we ekologik taýdan arassa boljakdygyna ynam döredýär.
Begenç MERDANOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler