Türkmenistanyň ykdysadyýetinde diwersifikasiýa we täze mümkinçilikler

Türkmenistanyň ykdysadyýeti soňky ýyllarda dürli ugurlarda ösmegini dowam etdirýär. Nebit-gaz, himiýa, oba hojalygy, dokma senagaty we gurluşyk ýaly esasy pudaklara uly maýa goýumlary çekilýär. Ýurduň ýolbaşçylary ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, ýagny täze önümçilik ugurlaryny döretmek we daşary ýurt bazarlaryna çykarmak boýunça işjeň tagallalary edýärler.

Türkmenistanyň gaz eksporty esasan Hytaýa, Russiýa we beýleki ýurtlara ugrukdyrylýar. Mundan başga-da, hökümet gaýtadan işleýän senagaty ösdürip, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän önümleri öndürmegi meýilleşdirýär. Şu maksat bilen, häzirki wagtda Türkmenistanda täze kärhanalar gurulýar, bar bolan zawody döwrebaplaşdyrmak işleri alnyp barylýar.

Türkmenistan oba hojalygyny ösdürmek ugrunda hem giň gerimli işler alyp barýar. Suw serişdelerini tygşytly ulanyp, oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak üçin täze tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Bu çäreler ýurduň oba hojalyk önümçiliginiň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Döwlet ýolbaşçylary hususy pudagy hem işjeňleşdirmek üçin dürli ýeňillikleri, salgyt arzanladyşlaryny we maýa goýum goldawyny hödürleýär. Netijede, ýerli telekeçiler tarapyndan dürli önümçilikler we söwda merkezi gurulyp, içerki bazar hem kämilleşdirilýär.

Türkmenistan, häzirki wagtda, milli ykdysadyýetiniň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek bilen bir hatarda, içerki önümleriň hilini ýokarlandyrmagy we daşary ýurt maýadarlaryny özüne çekmegi maksat edinýär. Bu çäreleriň hemmesi, ýurduň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşine we raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Dinislam Batyrow,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we informatika institutynyň 3-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok