Iki sany meşhur arheologa bagyşlanan halkara ylmy duşuşyk geçirildi

16-njy oktýabrda Änew şäherindäki Milli “Ak Bugdaý” muzeýinde iki sany meşhur arheologyň – Wadim Massonyň we Wiktor Sarianidiniň 95 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistan – gadymy siwilizasiýalaryň ojagy” atly halkara ylmy duşuşygy geçirildi. Duşuşyga türkmen we rus alymlary, hem-de olaryň beýleki ýurtlardan kärdeşleri gatnaşdy. Çärä Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan gurnaldy. Bu iki esasy görnükli alym Merkezi Aziýanyň gadymy döwürlerini öwrenemek üçin köp ýyllap ýakyndan işleşipdi.

Wadim Mihaýlowiç Masson Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň hormatly akademigi, Taryh ylymlarynyň doktory, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi. Türkmenistanyň çäginde täsin arheologiki açyşlaryň tutuş bir döwri onuň ady, şeýle hem Gadymy Gündogarda ýüze çykan dünýädäki ilkinji siwilizasiýalaryň durmuş-ykdysady guramasyny öwrenmek ugrundaky çuňňur teoretiki ylmy-gözlegler bilen baglanyşykly.

Massonyň deň-duşy, uniwersitetdäki topardaşy, soňra iki kitabyň awtordaşy Wiktor Iwanowiç Sarianidi, şeýle hem Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň hormatly akademigi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi boldy. Taryh ylymlarynyň doktory, Afiny uniwersitetiniň professory, Gresiýanyň Antropologiýa jemgyýetiniň agzasy, ullakan ylmy miras galdyrdy.

Änew şäherinde geçirilen duşuşyga rus we türkmen arheologlary – şägirtler we W.M. Massonyň we W.I. Sarianidiniň işlerini mynasyp dowam etdirijiler, şeýle hem Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň, garamagyndaky taryhy we medeni goraghanalar, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň arheologiýa we etnografiýa kafedrasynyň mugallymlary we talyplary, muzeýiň wekilleri we žurnalistler gatnaşdy.

Muhammetaly AMANNAZAROW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok