Dünýädäki iň ajy burç: Karolina Reaper

Ajy iýmitler köp medeniýetde möhüm orny eýeleýär we dünýädäki millionlarça adamyň ajy zatlara aýratyn ýakynlygy bar. Ajylyga bolan bu höwes adamlary iň ajy zatlary gözlemäge mejbur etdi. Bu pursatda, dünýäniň iň ajy burçy hasaplanýan Karolina Reaper, beýlekilerden ajyly bilen ep-esli tapawutlanýar.

Karolina Reaper 2013-nji ýylda Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan dünýäniň iň ajy burçy hökmünde hasaba alyndy. Bu burçuň ajylygy skowil (SHU) bilen ölçelýär. Bir burçuň ajylygy, düzümindäki kapsaisiniň mukdary bilen kesgitlenýär we skowil reýtingi bilen aňladylýar. Karolina Reaperiň ortaça SHU bahasy 1,641,183 bolsa-da, käbir nusgalarda bu görkezijiniň 2,200,000 SHU-a ýetendigi mälim edildi.

Bu burç ABŞ-nyň Günorta Karolinasynda ýaşan Ed Kýuri tarapyndan işlenip düzüldi. Karolina Reaper – “Ghost Pepper” we “Red Habanero” ýaly beýleki ajy burçlary goşmak arkaly alyndy. Karolina Reaper ajy bolmakdan başga-da miweli tagamly häsiýete eýe. Ilki dişlenende birneme süýji tagam duýulýar. Şeýle-de bolsa, yzyndaky güýçli ajy bu ysy basyp ýatyrýar we agyzda ýatdan çykmajak ýanma duýgusyny galdyrýar.

Karolina Reaperiň şeýle ajy bolmagynyň bir sebäbi, düzümindäki kapsaisiniň beýleki burçlara garanyňda has köp jemlenmegidir. Kapsaisin, agyzdaky reseptorlary gyjyndyrmak arkaly ýanma duýgusyny döredýär we beden bu ajydan goranyş mehanizmini döredýär. Ajy burç iýlende endorfinler çykýar we bu ajy organizmde ýeňillik duýgusyny döredýär. Şeýle-de bolsa, Karolina Reaper ýaly aşa ajy burçlar bedende has güýçli reaksiýalara sebäp bolup bilýär. Köp mukdarda sarp edilende ýürek bulanma, gusmak, baş aýlanmak we hat-da dem almakda kynçylyk ýaly täsirleri hem döredip bilýär. Şol sebäpli Karolina Reaperi seresaplylyk bilen sarp etmeli.

Karolina Reaper iýmit ýaryşlarynda we aşhanalarda giňden peýdalanylýar. Bütin dünýäde geçirilýän “ajy burç iýmek boýunça bäsleşikleri” bu burçuň meşhurlygyny has-da artdyrdy. Şeýle-de bolsa, bu burçy iýmek batyrgaýlygy talap edýär. Nädogry ulanmak saglyk meselelerine sebäp bolup bilýär.

Netijede, Karolina Reaper dünýädäki iň ajy burç hökmünde tanalýar. Lezzeti ýaly howply bolup bilýän bu burçy, seresaplylyk bilen çäkli ýagdaýda sarp edilmelidir.

Merjen ARTYKMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok