4000 ýyllyk ýiten siwilizasiýa ýüze çykaryldy

Arheologlar azyndan 4000 ýyl ozal Günorta Amerikada ýaşap geçen siwilizasiýanyň täze subutnamalaryny tapdylar. Wenesuelanyň tekiz dag depesinden tapylan gadymy syrly däp-dessuryň bir bölegi bolup biljek nokatlardan ýasalan şekiljikler, dürli nagyşlar we çekilen suratlar özüne çekijiligi bilen tapawutlanýar.

Öňdebaryjy gözlegçi Migel Perez-Gomez ozalky geçirilen gözlegleriň sebitde adam işjeňliginiň alamatlarynyň ýokdugyny aýtdy we tapan sungat eserleriniň ozal näbelli “ýitirilen” siwilizasiýa tarapyndan ýasalandygyny öňe sürdi.

Gaýalardaky daşlara çekilip, dürli boýaglar bilen boýalan sungat eserleri Boliwar ştatynyň Kanaýma milli seýilgähinde 30 müň inedördül kilometrden gowrak meýdany tutýar.

Gözlegçi Migel Perez-Gomez tapylan näbelli gadymy siwilizasiýa degişli subutnamalaryň Pleistosen döwrüne degişli täze awçy ýygnaýan medeniýetdigini aýdýar. Olar şu sebitde mesgen tutupdyrlar we köpelip, beýleki ýerlere ýaýrapdyrlar.

Şeýle hem tapylan gadymy subutnamalar, Amerika yklymynda adamlaryň bize mälim bolan seneden has ir ösen siwilizasiýalary döredendigini görkezýär. Alymlar ýakyn wagtda geçiriljek gazuw-agtaryş işleriniň has jikme-jik maglumatlary ýüze çykaryp biljekdigine ynanýarlar.

Mähri ATAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok