Alymlaryň pikiriçe, Gadymy Gresiýanyň iň möhüm medeni miraslaryndan biri bolan Delos adasy Egeý deňziniň çuň suwlarynyň aşagynda gark bolar. Arheologlar 10 ýylda adanyň käbir ýerlerinde deňiz derejesiniň 20 metre çenli ýokarlandygyny mälim etdiler. Suwuň derejesiniň ýokarlanmagy sebäpli Delos desgalary takmynan geljek 50 ýylda ýok bolar.
Daş-töweregi gök mawy suwlar bilen gurşalan 2 müň ýyllyk Delosyň desgalary ellin we rim döwürlerindäki gündelik durmuş hakda maglumat berýär. Ýöne alymlar howanyň üýtgemegi netijesinde deňiz derejesiniň ýokarlanmagy sebäpli hemişelik ýok bolup biljekdigini duýdurýarlar.
Gresiýa döwletiniň rugsady bilen soňky 150 ýylda sebitde gazuw-agtaryş işlerini geçirýän Fransuz Arheologiýa Mekdebiniň başlygy “Her ýyl ýazda täze diwarlaryň ýykylandygyna gözüm düşýär. Deňiz suwy ýokary galýar. Delos takmynan geljek 50 ýylda ýok bolar” – diýip belläp geçdi.
Ýeri gelende belläp geçsek, geçen ýyl Aristotelio uniwersiteti tarapyndan geçirilen gözleg, temperaturanyň ýokarlanmagy we çyglylygyň ýokary derejesi birleşdirilende medeni miras ýadygärliklerinde ulanylýan käbir materiallaryň himiki düzümine ep-esli derejede ýaramaz täsir edip biljekdigini ýüze çykardy.
Rahym ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler