Ýaşlaryň ylmy işler boýunça bäsleşigi ýaş alymyň dilinden

Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde ylymlar güni mynasybetli her ýyl geçirýän ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça yglan eden bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlendi. Ýeňijileri sylaglamak dabarasy Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilip, bäsleşige ýurdumyzyň pudaklaýyn edara-kärhanalarynyň, önümçilik birleşikleriniň işgärleri, ýokary okuw we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary we mugallymlary, şol sanda Türkmenistanyň orta mekdeplerinde okaýan mekdep okuwçylary işjeň gatnaşdylar.

Heniz mekdep okuwçysydygyna garamazdan, bu bäsleşige gatnaşyp, ýeňiji bolmagy başaran Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Aýmyrat Kakaýew bilen söhbetdeş bolduk.

-Salam, Aýmyrat. Ilki bilen, bu bäsleşikde gazanan üstünligiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Tolgunýandygyňyzy gözleriňizdenem aňmak bolýar. Duýgularyňyzy, ýürek buýsanjyňyzy beýan edäýiň:

Hawa, bäsleşigiň jemi jemlenende meniňem ýeňijidigimi yglan etmekleri hakykatdanam tolgundyrdy. Aýratyn-da, Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly kitabyndaky öwüt-ündewlerinden ruhlanyp, heniz mekdep partasynda okaýan wagtymyz ylmy işler bilen meşgullanyp, üstesine-de garşydaşlarymdan tapawutlanyp, bäsleşigiň ýeňijisi bolmak durmuşymdaky ýatdan çykmajak pursatlaryň iň esasylarynyň biri. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesliň kämil bilimli, ýokary tehnologiýalardan gowy baş çykarýan, başarjaň ýaşlar bolup ýetişmegimiz ugrunda edýän aladalary biz ýaşlar üçin örän buýsandyryjy.

-Ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilýän bu bäsleşige nähili ylmy iş bilen gatnaşdyňyz?

Men bu bäsleşige “Türkmenleriň bent gurluşyk işleriniň taryhyndan” atly ylmy işim bilen gatnaşdym. Ylmy işimiň maksady türkmenleriň bent gurluşuk işlerini bitewilikde öwrenmek, bent gurluşyk işleriniň tejribeseni açyp görkezmek, Hindiguş suw elektrik stansiýasynyň taryhyny beýan etmek, ýurdumyzyň çägindäki az öwrenilen bentleri aýan etmek, öwrenilen we ýygnalan maglumatlary taryh ylmynyň nukdaýnazaryndan beýan etmek bolup durýar. Ylmy işimiň ähmiýeti bolsa, türkmenleriň bentlerine, bent gurluşyk işlerine degişli maglumatlary taryh we beýleki ugurlar boýunça okuw sapaklarynda peýdalanmakdan, türkmenleriň bentlerine, bent gurluşyk işlerine degişli dürli ylmy edebiýatlardan ýygnalan täsin maglumatlary ylmy dolanşyga girizmegiň zerurlygyny aýan etmekden, ýaş mugallymlara, talyplara, bentleriň we suw desgalarynyň taryhy bilen gyzyklanýan her bir ynsana ýardam etmekden ybaratdyr.

-Siziň pikiriňizçe, bu bäsleşikde bäsleşmek kyn düşdümi?

Ýaş mugallymlaryň, talyplaryň we beýleki ýaşlaryň arasynda mekdep okuwçysy bolup bäsleşmek örän çekeleşiklidi. Türkmenleriň bentlerine, bent gurluşyk işlerine degişli maglumatlary bir ylmy işe jemlemäge synanyşdyk, bu çäreleriň suwy tygşytly saklamakdaky, häzirki tebigy gurşawy kemala getirmekdäki hyzmatyny açmaga çalyşdyk, Hindiguş suw elektrik stansiýasynyň desgalaryny muzeýe öwürmek barada pikirleri ylmy işimizde beýan etdik. Şeýlelikde, maňa baýrakly 3-nji orna mynasyp bolmak miýesser etdi

-Diňe ylmy taslamalar bilen gyzyklanýarsyňyzmy? Özüňize ýakyn hasaplaýan, içgin gyzyklanýan okuw dersleriňiz barmy?

Taryh, geografiýa we iňlis dili dersleri bilen gyzyklanýan. Hat-da bu ugurlarda orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda geçirilýän bäsleşiklere-de yzygiderli gatnaşýaryn. Muňa mysal hökmunde Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly ders bäsleşiginde taryh dersi boýunça etrap we şäher tapgyrlarynda 1-nji orna mynasyp boldum. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hereket edýän Ýaş diplomatlar mekdebiniň gurnamagynda geçirilýän “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” akyl-paýhas bäsleşiginiň 3-nji möwsümine-de gatnaşdym. Bäsleşigiň saýlama tapgyrlaryndan we ýarym final tapgyryndan üstünlikli geçip, final oýnuna gatnaşmaga hukuk gazandym. “Beýik Magtymguly Pyragynyň taglymaty – umumadamzat gymmatlyklarynyň milli şamçyragy” atly tema boýunça geçirilen final oýnunda güýçli garşydaşlarym-ýaş çaparlar bilen bäsleşip, baýrakly  3-nji orna mynasyp boldum. Akyl-paýhas bäsleşigine “ykballary özgerdýän bäsleşigem” diýýärler. Men bu babatda doly ylalaşýaryn. Çünki, ylmy ugurlara, şol sanda taryh ylmyna gyzyklanmam, hut, şu bäsleşik esasynda artdy. Akyl-paýhas bäsleşigi maňa ýurtlaryň taryhy, goňşy döwletler bilen alyp baran syýasaty, diplomatik gatnaşyklary barada içgin gyzyklanmaga mümkinçilik berdi.

-Gürrüňimiziň şu ýerinde size şu sorag bilen ýüzlenesim gelýär: Geljekde haýsy hünäriň eýesi bolmagy maksat edinýärsiňiz?

Arzuwym-diplomat bolup, ýurdumyzyň ösüşine, ylmy babatda kämilligine goşant goşmak.

-Söhbetdeşligimiziň ahyrynda, arzuwlaryňyzy diňlemek biziň üçin has-da ýakymly!

-Ylymly-bilimli, daşary ýurt dillerini suwara bilýän, ylym bilen meşgullanýan, ýurdumyzyň dünýä ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlyklaryny ösdürmäge goşant goşmaga ukyply hünärmenler bolup ýetişmek ugrunda öz başarnygymyzy gaýgyrmarys.

Bilimimizi artdyryp, dünýä dillerini içgin öwrenip, şol dillerde bagt buýsanjymyzy beýan etmäge, okamaga, öwrenmäge, döretmäge, durmuşdan many-mazmun bilen lezzet alyp ýaşamaga, ylym derýasynda gulaçlap ýüzmäge, kämilleşmäge döredip berýän şeýle mümkinçilikleri üçin alym Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüregimizden sagbolsun aýdýarys.

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!

Söhbetdeş bolan,

Kadyrmyrat ÖWEZGYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok