Ýaş sungaty öwrenijileriň diplom işleri sergilendi

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýaşlaryň döredijilik ukyplarynyň artmagyna, bilimiň kämilleşmegine, ylymly-bilimli bolup ýetişmegine giň mümkinçilikleriň döredilýändigini Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçen amaly-haşam sungaty fakultetiniň şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti hünäri boýunça bilim alan talyplaryň diplom goragy aýdyň görkezýär. Ýaş sungaty öwrenijiler türkmen şekillendiriş we amaly-haşam sungatynda uly yz galdyran ussatlaryň döredijiligini, Türkmenistanyň we dünýä muzeýleriniň ýygyndylaryny, Arkadag şäheriniň binagärligini we
bag-seýilgäh  medeniýetini ylmy taýdan öwrenip, diplom işlerini üstünlikli goradylar.

Diplom goragyna Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymlary, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň we Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleri, ýurdumyzyň tanymal suratkeşleri gatnaşyp, uçurymlaryň ýerine ýetiren ylmy temalaryna ýokary baha berdiler. Çünki her bir ýaş sungaty öwreniji saýlap alan temasynyň wajyplygyny esaslandyrmakda ylmy maglumatlardan peýdalanyp, türkmen sungatynyň çeper aýratynlyklaryny seljerdiler.

Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşuldy. TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edildi. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy bellenilýän ýylynda Selbinyýaz Rejepowanyň “Magtymguly Pyragynyň eserlerine bagyşlanan kitap bezegi” we Şirin Öwezowanyň “Rahman Rahmanowyň döredijiliginde Magtymguly Pyragynyň şygryýeti” atly diplom işleriniň mazmuny türkmen şygryýetiniň beýik söz ussadynyň edebi mirasyny şekillendirýän grafika eserleriniň çeper aýratynlyklaryna göz ýetirmäge ýardam berýar.

“Akylly” şäher konsepsiýasy esasynda gurlan döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň sungatyny öwrenmäge bagyşlanan Nowgül Gurbanmuhammedowanyň “Arkadag şäheriniň binagärliginiň täze çeper çözgütleri”, Begenç Döwletgeldiýewiň “Arkadag şäheriniň bag-seýilgäh medeniýeti”, Mahym Paşaýewanyň “Arkadag şäheriniň sungat gözelligi”, Gunça Hanekowanyň “Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň sungat zalynyň ýygyndysy” atly diplom işleri binagärlik we tehnologik çözgütleri boýunça täsin şäheriniň şekillendiriş sungatynyň, binagärliginiň we dizaýnyň özboluşlylygy barada beýan edilýär.

Häzirki zaman suratkeşlere bagyşlanan Hallygözel Muhammedowanyň “Türkmenistanyň halk suratkeşi Maral Ataýewanyň döredijiligi”, Gülälek Taganowanyň “Balkan welaýatynyň suratkeşi Amangeldi Hydyrowyň döredijiligi”, Merjen Ataýewanyň “Mary welaýatynyň suratkeşleriň döredijiligine türkmen halk äheňleri (A. Myradalyýew, A. Akyýew, K. Nurmyradow), Atamyrat Annadurdyýewiň “Mary welaýatynyň suratkeşi Çary Öwwäýewiň döredijiligi”, Bahargül Geldiýewanyň “Parahat Gapançaýewiň döredijiligi” ýaly diplom işleri ýurdumyzyň görnükli nakgaşlaryň, grafikaçylaryň, keramikaçylaryň türkmen sungatynda tutýan orny kesgitlenilýär.

Türkmen heýkeltaraşlygyna bagyşlanan Jeren Taganowanyň diplom işinde serkerdeleriň keşbini ylmy taýdan suratlandyrylýan bolsa, Aýgözel Esenowanyň işinde durmuşy žanryna degişli türkmen heýkelleri barada beýan edilýär. Gülşirin Artykowanyň we Gülsenem Halymowanyň saýlap alan temalarynda Türkmenistanyň nakgaşlygynda impressionizm we kubizm ýaly çeperçilik akymlarynyň täsiri giňişleýin seljerilýär. Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen Türkmenistanyň binagärlik eserleriniň çeperçilik aýratynlyklaryny beýan edýän Bägül Annadurdyýewanyň diplom işi özünde birnäçe täsin maglumatlary jemleýär.

Ýaş sungaty öwrenijileriň üstünlikleri geljekde türkmen sungatynyň waspyny dünýä ýaýmakda mynasyp orun tutup, şekillendiriş sungatynyň taryhyny we nazaryýetini ösdürmäge uly badalga bolar.

Jeren Baltaýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok