Isanyň çagalygyna degişli iň köne ýazgylar ýüze çykaryldy

Alymlar 2000 ýyllyk gadymy Müsür golýazmasyna düşünmegi başardylar. Netijede bu golýazma Isanyň çagalyk ýyllarynyň iň irki ýazgylaryna degişli eken. Isanyň çagalyk ýyllaryndaky gudratlary baradaky hekaýanyň iň gadymy nusgasy alymlar tarapyndan gadymy Müsür golýazmasyndan tapyldy.

2000 ýyllyk gadymy golýazma böleginde örän gyzykly jikme-jiklikler bar. Golýazmada bäş ýaşly Isanyň palçyk kepderileri janly guşlara öwürendigi aýdylýar. Golýazmany öwrenýän alymlar, IV ýa-da V asyrlarda Müsürde şol döwürde hristian jemgyýeti bolan mekdepde ýa-da dini jemagatda mekdebiň ýa-da dini jemgyýetiň bir bölegi hökmünde ýazylandygyna ynanýarlar.

Germaniýanyň Gamburg şäherindäki Gamburg welaýat uniwersitetiniň kitaphanasynda ünsden düşen golýazmany gözden geçiren hünärmenler, tekstde Isanyň adyna üns berendiklerini aýtdylar.

Gamboldt uniwersitetiniň ylahyýet fakultetiniň gözlegçileri we mugallymlary bu ýörite ýazylan hatda “Isa” sözüne ilkinji gezek gabat gelendiklerini we ony köp sanly beýleki golýazmalar bilen deňeşdirip, kodlandyklaryny we ýönekeý bir golýazma däldigine düşünendiklerini mälim edýärler.

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok