Meşhur şaglawugyň suwunyň çeşmesi hemmäni geň galdyrdy

Hytaýda syýahatçylar tarapyndan ýygy-ýygydan zyýarat edilýän Ýuntaý şaglawugyndaky suwuň sebitde goýlan turbalardan gelýändigi anyklanyldy. Ýurduň demirgazygyndaky Henan welaýatynda Ýuntaý dagynyň ýerleşýän seýilgähindäki şaglawuk sosial ulgamlarda jedel döretdi. Dürli platformalarda çap edilen suratlarda 314 metr beýiklikdäki şaglawugyň suwunyň sebitde ýerleşdirilen turbalardan gelýändigi mälim edildi.

Ýuntaý tebigy seýilgähiniň web sahypasyndaky “Akmaýanyň ýolunyň akymy ýaly” hökmünde häsiýetlendirilen şaglawuk, Hytaýyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginden ýörite derejä eýe boldy. Bu ministrlik tarapyndan islendik syýahatçylyk zolagy üçin berlen iň ýokary klassifikasiýadyr.

Sosial ulgamlarda şaglawuk barada: “Şaglawukdaky turbalar Hytaýda öndürilýär”, “Şaglawuk tebigy däl-de, emeli” ýaly birnäçe teswirleri ýazdylar. Beýleki tarapdan, Ýuntaý seýilgähiniň ýolbaşçylary gurak möwsümlerde şaglawukdaky suw akymyny azaltmazlyk üçin turbalar arkaly goldawyň berilýändigini habar berdiler.

Resmiler şaglawuk bilen has içgin gyzyklananlara minnetdarlyk bildirip, Ýuntaýyň şu tomus “iň kämil we tebigy ýagdaýy” aljakdygyny aýtdy.

Hoşgeldi ŞATLYKOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok