- Fransiýa dünýäniň iň köp syýahatçylarynyň barýan döwletidir. Her ýylda 83 mln syýahatçyny kabul edýän Fransiýa birnäçe ýyl bäri syýahatçylyk pudagynda öňdeligi saklamagy başarýar.
- Fransuz dili dünýäde iň köp gürleşilýän 5 sany diliň hataryna girýär. Afrikada fransuz dilini bilýänleriň sany Fransiýanyň özünden köp diýlip hasaba alnan.
- Fransuzlar dünýäde iň köp şerap içýän millet diýlip hasaba alnan.
- Dünýäniň iň uly Sungat muzeýi Fransiýada ýerleşýär.
- Fransiýanyň paýtagty Pariž dünýäde aşyklaryň şäheri diýlip tanalýar. Ol ýerdäki Eýfel başnýasy Parižiň simwoly hasaplanýar. 1891-nji ýylda wagtlaýyn bina edilen Eýfel başnýasy wagtyň geçmegi bilen Parižiň simwolyna öwrülipdir.
- Häzirki zaman welosipedi fransuz Pierre Mikaus tarapyndan 1861-nji ýylda ilkinji gezek döredildi. Ilkinji surata düşürýän aparatlar hem Fransiýada döräpdir.
- Bütin dünýäde degişmek güni diýlip bellenilýän 1-nji aprel hem Fransuz karoly Çarlz bilen bagly. Karol Çarlz şol senede fransuz halkyny ýyl senenamasyny üýtgedip aldaýar we şondan bäri her ýyl degişme güni bellenilýär.
- Fransuz peýniri dünýäde iň köp islegden peýdalanylýan azyk önümidir. 246 görnüşli peýnir öndürýän fransuz aşhanasynyň meşhur lezzeti bu peýnirdir.
- Dünýä edebiýatyna ser salsak Nobel baýragyny iň köp alan ýazyjylar fransuz ýazyjylarydyr. Döwlet özüniň baý edebiýaty bilen beýleki döwletlerden tapawutlanýar .
- Fransiýada doňuzlara Napalýon adyny dakmak kanun esasynda gadagandyr.
- Fransiýada syýahat edýänlere maslahat hökmünde has mylakatly bolmak maslahat berilýär. Fransiýanyň dükanlarynda, garbanyşhanalarynda müşderileriň özüni alyp barşyna görä harytlaryň we hyzmatlaryň bahalary üýtgäp bilýär. Has mylakatly müşderilerine bahalaryň peseldilip aýdylmagy fransuz medeniýetiniň has ösenliginiň alamatydyr.
- Fransuz ilatynyň 10% göterimi musulmanlardan ybarat bolup döwletiň çäginde 2500 sany musulmanlaryň metjidi hereket edýär. Beýleki Ýewropa döwletlerinden tapawutlylykda Fransiýada metjitlerde azan aýtmaklyga rugsat berilmeýär.
- Fransiýada erkek adamlara ýüzlenende “Mösýö” diýlip, zenanlara ýüzlenende bolsa “Madam” ýa-da “Madmazel” diýlip ýüzlenilýär.
- Fransiýada ýylyň dowamynda 111-112 gün ýagynly howa bolýar. Syýahat etmek üçin bolsa aprel, maý, sentýabr, oktýabr aýlary amatly hasap edilýär.
Nurana YSLAMOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň talyby.
Teswirler