Google barada

Google kompaniýasy dünýäde internet ulgamynyň imperatory hasaplanýar. Google nädip döräpdir, eýsem ony kim döredipdir, bu soraglar hemmämiz üçin gyzykly bolsa gerek.

1995-nji ýylda Stanford uniwersitetiniň talyplary Larry Page bilen Sergeý Brin World Wide Web-däki ýer alan saýtlary yzygiderli sanawa almak üçin Backrub atly bir saýt döredýärler. Stanford uniwersitetiniň umumy ýaşaýyş jaýynda döredilen bu saýtda ilki-ilkiler diňe ylmy işler gözleg edilýärdi. Gysga wagtdan soň Backrub adyny GOOGLE ady bilen çalyşdy. Bu ýaş talyplar soňa baka dünýädäki ähli maglumatlary bu saýta ýerleşdirmek we hemmä elýeterli etmek üçin işläp başlapdylar. Olaryň zähmet ýerine gowuşdy diýsek ýalňyşmarys. Gysga wagtyň içinde tanymal bolan Google-da şol döwrüň iň köp gözlenilen soragy Stanford uniwersitetidi. Wagtyň geçmegi bilen diňe bir alymlar däl eýsem maýadarlar hem bu Programma bilen gyzyklanyp başladyrlar. Gooogle kompaniýasy özüne kiçiräk ofis açdy we işini giňeldip başlady.

Sanly dünýäniň iň parlak ýyldyzlarynyň biri hasaplanýan Google diňe bir gözleg programmasy däldir. Häzirki wagtda Google kompaniýasy akylly ýeňil awtoulaglary, akylly telefonlary we beýleki elektronik enjamlary bilen dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýar. Kompaniýanyň girdejileriniň 81%-i Google karta programmasynda we dürli reklama hyzmatlaryndan emele gelýär. Takmynlara görä Google-de bir günüň dowamynda 8 mlrd ýada bir sekuntda 95000 gözleg işi alnyp barylýar.

Oguldöndi ÖWEZBERDİÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok