Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy belentden sarpalamak hem-de halkara abraýyny artdyrmak, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny ylmy esasda öwrenmek we dünýä ýaýmak, ýaş nesli beýik söz ussadynyň nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, hormat-sarpa goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen möhüm çäreler durmuşa geçirilýär. Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlary türkmen edebiýatynda özboluşly edebi mekdebe öwrülipdir. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz bu babatda: «Geljekde Pyragynyň uçursyz zehinine täzeden baha beriljekdigine, onuň şygryýetiniň hakyky ruhy gymmatlyklarynyň dabaralanýandygy baradaky hoş habary älem-jahana ýaýradyp, dürli dillerde öňküsinden has-da güýçli ýaňlanjakdygyna men pugta ynanýaryn» diýip örän jaýdar belleýär.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanyp, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çap usulynda «Magtymguly» atly kitap, ýagny beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysy giň okyjylar köpçüligi üçin neşir edildi. Türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitaplar görnüşinde neşir edilen ýygyndynyň ähmiýeti örän möhümdir. Akyldaryň bu eserler ýygyndysynda ylym-bilim, edep-terbiýe, arassa ahlaklylyk, nesil terbiýesi, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mertlik, watançylyk, millilik babatdaky pelsepewi garaýyşlary berilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu kitabyň mähriban halkymyza mynasyp sowgat boljakdygy we eseriň ilkinji sanynyň Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza iberilendigi buýsandyryjydyr.
Beýik söz ussadynyň döredijilik dünýäsi baý we köpugurly bolup, onda türkmeniň durmuşy, şöhratly taryhy, ata Watana çäksiz söýgi, tebigatyň gözelligi, ahlak päkligi, halallyk, ynsanperwerlik ýaly asylly düşünjeler iňňän inçelik bilen berilýär. Berkarar döwlet gurmak baradaky taglymlary bilen halky agzybirlige çagyran dana akyldaryň bu paýhasly pikirlerini «Türkmen binasy», «Türkmeniň» ýaly şygyrlarynda aýdyň duýmak bolýar. Köpetdagyň eteginde dana Pyragynyň heýkeliniň gurulmagy akyldar şahyra uly sarpa goýulýandygyny, onuň döredijilik mirasynyň bagtyýar nesiller üçin nusgalyk ýoldugyny, göreldeli mekdep bolup durýandygyny äşgär edýär. Şahyryň döredijilik mirasyny dünýä ýüzünde giňden wagyz etmek bilen halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda üstümizdäki ýylda beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede giňden bellenilýär. Bu şanly sene mynasybetli dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde alnyp barylýan işler Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren gymmatly şahyrana döredijiligini, filosofik mirasyny öwrenmäge uly mümkinçilik döreder.
Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň II ýyl talyby.
Teswirler