Ajaýyp sowgat

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 17-nji maýynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyz türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykandygyny we onda akyldar şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgularynyň ýerleşdirilendigini nygtady. Bu kitabyň ilkinji sany Gahryman Arkadagymyza iberildi. Täze kitap «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyza ajaýyp sowgat boldy.

Akyldar şahyr bu gün Alyşir Nowaýy, Sagdy, Omar Haýýam, W.Şekspir, Gýote ýaly edebiýat äleminiň iň bir ýagty ýyldyzlarynyň biri bolup dünýä nur saçýar. Ol nur ynsan kalplarynda gözellik döredýär. Hut şonuň üçinem «Magtymguly» atly täze ýygyndynyň neşir edilmegi bilen baglanyşykly geçirilýän dabaralardaky çykyşlarda, bu kitaby ussadyň şygyrlaryna teşne kalplary gandyrýan parasat çeşmesine deňeýärler.

Magtymgulynyň watançylyk temasynda ýazan şygyrlary XVIII asyr türkmen we türki dilli edebiýatyň ösmegine uly täsir edip, geljekki şahyrlar üçin özboluşly edebi mekdebe öwrülipdir. Muny Gahryman Arkadagymyzyň: «Öz döwründe geljegi öňünden gören nusgawy şahyrymyzyň mirasyny öwrenmekde häzirki zaman ylmynyň nukdaýnazaryndan seredeniňde, heniz doly düşünilmeýän zatlar bar… Geljekde Pyragynyň uçursyz zehinine täzeden baha beriljekdigine, onuň şygryýetiniň hakyky ruhy gymmatlyklarynyň dabaralanýandygy baradaky hoş habary älem-jahana ýaýradyp, dürli dillerde öňküsinden has-da güýçli ýaňlanjakdygyna men pugta ynanýaryn» diýen ganatly sözleri-de tassyklaýar.

Iň esasy bellemeli zat, Köpetdagyň eteginde beýik akyldaryň ägirt heýkeliniň gurulmagy ajaýyp şahyra uly sarpa goýulýandygyny, onuň ömrüniň, döredijilik mirasynyň häzirki we geljek nesiller üçin görelde bolup durýandygyny aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, dana şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Kuwwat JUMAKOW,

Aşgabat şäherindäki Demir ýol ulaglary
orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok