Magtymguly – Köpetdagyň eteginde örboýuna galdy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejeli dabaralara, taryhy wakalara, giň gerimli çärelere beslenýär. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etdi.

Häzirki ajaýyp döwrümizde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly hormat-sarpa goýulýar. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy türkmen halkynyň milli medeni gymmatlygy, ruhy hazynasy hökmünde dünýä ýaýylýar. Munuň şeýledigine 17-nji maýda bütin adamzat nesline nusgalyk eserleri miras goýan akyldar şahyryň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Tebigy belentlikde gurlan ýadygärligiň beýikligi 60 metre, şahyryň “Türkmeniň” goşgusyndan ganatly setirler hem-de Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusyndan setirler ýazylan binýadyň beýikligi bolsa 25 metre deňdir. Medeni-seýilgäh toplumynda innowasion tehnologiýalaryň ulanylandygyny bellemek gerek.

Beýik şahyryň geljek nesillere goýup giden baý medeni mirasy häzirki wagtda umumadamzat gymmatlygy bolup, öz hak mirasdüşerlerine — häzirki bagtyýar nesillere gelip ýetdi. Şahyryň eserleri dünýäniň onlarça diline terjime edildi we aýry neşirler görnüşinde çap boldy. Munuň özi Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsiniň diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hem genji-hazynasydygynyň aýdyň güwäsidir. Beýik akyldaryň berkarar döwlet baradaky arzuwlary bu günki gün hasyl boldy. Özygtyýarlylyga eýe bolan türkmen halky häzirki döwürde abadan ýurdumyzda ýaşaýar we döredýär.

Amangül AMANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok