Älemdäki iň gadymy ýyldyzlaryň üçüsi Akmaýanyň ýoly galaktikasynyň töwereginden tapyldy. Älem ýaly köne bolan bu ýyldyzlar Ýere ýakyn bolup durýar.
Massaçusets Tehnologiýa Institutynyň (MIT) gözlegçileri we talyplary älemdäki iň gadymy ýyldyzlaryň üçüsiniň Akmaýanyň ýoly galaktikasynyň töweregindedigini anykladylar. Alymlar bu ýyldyzlaryň bir wagtlar öz galaktikasynyň bolandygyny emma wagtyň geçmegi bilen Akmaýanyň ýoly tarapyndan sorulyp alnandygyny çaklaýarlar.
Ilkinji ýyldyzlar takmynan ýaşy 13,8 milliard ýyl bolan Älemiň 100 million ýaşynda ýüze çykandygyny öňe sürýärler. Alymlar “Akmaýanyň ýoly” galaktikasyndan tapylan üç ýyldyzyň 12-13 milliard ýyl ýaşyndalygy baradaky netijä geldiler.
Bu ýyldyzlar 30 müň ýagtylyk ýylynda ýerleşýändigi üçin Ýere has ýakyn hasaplanýar. Gözleg topary, galaktikamyzda şeýle gadymy ýyldyzlaryň has köp bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.
Ýyldyzlar bir wagtlar düzümindäki metalyň mukdary sebäpli hem-de ters tarapa hereket edýändikleri sebäpli äpet galaktikalarynyň bir bölegi bolandyr öýdülýär. Bu ýyldyzlar Akmaýanyň ýoluna tötänleýin giren bolmagy mümkin. Gözlegçiler Akmaýanyň ýoly galaktikasynda ýene 65 ýyldyz tapdylar. Astronomlar Akmaýanyň ýolunda şuňa meňzeş häsiýetli ýyldyzlary gözlemegi dowam etdirerler.
Firýuza RUSTAMOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler