Italiýanyň Pisa uniwersitetiniň alymlary gadymy ýazgylarda ady agzalan filosof Platonyň jaýlanan ýerini tapdylar.
Bu gubur, XVIII asyrda Gerkulanumda tapylan papirus ýazgylaryny emeli aň ulanmak arkaly tapyldy. Şeýlelik bilen, filosof Platonyň Afinydaky Muslar ybadathanasynyň ýanyndaky bagda ýerleşýän Afiny akademiýasynda jaýlanandygy kesgitlenildi.
Ýeri gelende belläp geçsek, Platon b.e.öňki 427-428-nji ýyllarda Gadymy Gresiýanyň Afiny şäherinde doglupdyr. Onuň hakyky ady Aristokles bolupdyr diýlip hasap edilýär. Eginlek bolandygy üçin oňa Platon lakamyny beripdirler. Ol gadymy Ýunan (grek) ýurdunyň klassik filosofy, matematigi we günbataryň ilkinji ýokary okuw jaýy bolan Afinanyň akademiýasynyň gurujysydyr.
Platon demokratik düşünjesiniň goraýjysy bolupdyr. Yslam dünýäsinde we türkmenleriň arasynda Platona Eflatun diýlipdir.
Döwlet ALLANAZAROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler