Aýda bakteriýalaryň kömegi bilen ekerançylygy ýola goýup bolar

Alymlar bakteriýalaryň Aý topragynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin ulanylyp bilinjekdigini aýtdylar. Täze gözlegde, ösümligiň ösmegine nähili täsir etjekdigini görmek üçin Aý topragyna üç dürli bakteriýa goýberildi we munuň Aýdan alnan topragyň hasyllylygyny ep-esli ýokarlandyrýandygyny anyklanyldy.

Üç bakteriýanyň Aý topragyna goýberilmegi gözlegçilere “Nikotiana benthamiana” atly ösümligi ösdürmäge mümkinçilik berdi. Bakteriýalar toprakdaky fosforyň mukdaryny köpeltmek bilen meşgullanýar. Fosfor ösümlikler üçin möhüm dökün bolup, olaryň has oňat we hasylly ýetişmegi üçin wajyp bolup durýar.

Mundan öňki gözlegler Aý topragynda başga-da birnäçe ösümligi ösdürip ýetişdirmegiň mümkindigini görkezdi. Şeýle-de bolsa, bu topragyň ösümlikleriň ösmegi üçin kyn bolýandygy ýüze çykardy. Mundan başga-da, Aý topragynda ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek üçin zerur bolan azot hem az bolup durýar. Muňa garamazdan, Aý topragynda fosfor bar, ýöne ösümlikler tarapyndan ulanyp bolmaýan görnüşde bar. Şol sebäpli Aýda ýaşamak üçin, alymlar topragyň hilini ýokarlandyrýan ösümlikleri ösdürip ýetişdirmegiň täze usullaryny tapmaly bolýarlar.

Yhlas DÖWLETOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok