Emeli aň ýakyn wagtda düýşlerimizi ýazgy edip biler

Hünärmenler, turanymyzdan soň düýşüň 50 göterimini ýatdan çykarýarys we 10 minutdan soň 90 göterimini ýatdan çykarýarys diýip pikir edýärler. Şeýle-de bolsa, emeli aňyň düýşlerimizi ýazgy etmegi bilen bu ýagdaý geljekde üýtgäp biler.

Emeli aň indi beýni skanerlerini okap, adamyň görýän zatlaryna ýakyndan meňzeş şekilleri öndürip bilýär. Bu tehnologiýa arkaly dürli haýwan görnüşleriniň öz gurşawyna nähili düşünýändiklerini öwrenmek we ysmaz adamlar üçin aragatnaşyga kömek etmek mümkin.

Täze gözlegde, nemes topary tarapyndan işlenip düzülen we 2022-nji ýylda çykarylan “Durnukly diffuziýa” atly algoritmi ilkinji bolup ulanyldy. Beýleki algoritmlerden tapawutlylykda, “Durnukly diffuziýa” az tälim talap edýär.

Osaka uniwersitetiniň ulgam neýronisti Taku Takagi, emeli aň algoritminiň şekil döretmek üçin beýniniň dürli ýerlerinden beýniniň işjeňligi baradaky maglumatlary ulanýandygyny düşündirdi. Algoritm beýniniň işjeň ýerlerine gan aýlanyşynyň üýtgemegini kesgitleýän funksional magnit-rezonans tomografiýasy beýni skanerlerinden maglumatlary düşündirýär.

Jennet ÖWEZGYLYJOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok