Dünýäde iň köp dile terjime edilen kitaplar

Onlaýn dil öwreniş platformasy bolan “Preply” dünýä edebiýatynda iň köp terjime edilen kitaplar baradaky gözlegleriniň netijelerini paýlaşdy. 32 müňden gowrak daşary ýurt dili mugallymyny bir platformada jemleýän we onlaýn dil kurslaryny hödürleýän “Preply”, dünýäde iň köp terjime edilen kitaplaryň sanawyny mälim etdi.

“Preply” tarapyndan dünýä kartasynyň infografikasy bilen goldawly geçiren gözlegine görä, fransuz dilinde ýazyjy Antonie de Sankt-Eksuperi tarapyndan ýazylan we 1943-nji ýylda neşir edilen “Kiçijik şazada” eseri 382 terjime bilen dünýäde iň köp terjime edilen kitap boldy.

Karlo Kollodiniň “Pinokkio” eseri 300 terjime bilen sanawda ikinji, Lewis Karolyň “Alisa täsinlikler dünýäsinde” eseri 175 terjime bilen sanawda üçünji, Kristian Anderseniň “Anderseniň ertekileri” eseri 160 terjime bilen sanawda dördünji, Serwantesiň “Don Kihot” eseri 140 terjime bilen sanawda bäşinji ýeri eýelemegi başardy.

Netijelere görä, dünýäniň iň köp dillerine terjime edilen kitaplaryň köpüsi çagalaryň kitaplary we erteki şeýle-de hekaýa ýaly aýratynlyklary bolan kitaplar bolup durýar.

“Preply”-niň gözlegleri, 10 kitapdan 8-siniň Ýewropa yklymynda ýaşaýan ýazyjylar tarapyndan ýazylandygyny görkezdi.

Berdimyrat SAPAROW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok