Häzirki döwürde türkmeniň ahalteke bedewleri durmuşymyzyň bezegine öwrüldi. Öňler at diňe döwlet hojalyklarynda saklanan bolsa, häzirki döwürde ýagdaýy, mümkinçiligi bolana hususy hojalygynda at saklamaga giň ýol açyldy. Bu örän gowy zat, raýatlaryň atçylyga höwesini artdyrýar, asyl mallaryň köpelmegine, tohumçylygyň gowulanmagyna oňyn täsir edýär. Indi biziň toý-baýramlarymyzda dürli çeper, medeni şüweleňler bilen birlikde atüsti oýunlar, at çapyşyklar hem geçirilýär. Toý-tomaşasyna çykarylýan syratly ahalteke bedewlerimiziň altyn-kümüşe beslenen bezeglerini, at üstündäki ýigitleriň bezemenligini görenler haýrana galýar.
Halk döredijiligindäki, nusgawy şahyrlaryň eserlerindäki at barada aýdylanlarda ulaltma-kiçeltme ýok. Olar atyň türkmeniň ykbalyndaky, gündelik durmuşyndaky asyl ornuny beýan edýär. Görogly Gyratyna “Perzent dilemedim, seni diledim” diýmeýärmi? Türkmen üçin atyň döwletligem, ýoldaşlygam, gardaşlygam-hakykat, ol milletiň baýlygy, göz-guwanjy. Nişapuryň şasy Galandar sypatyndaky Göroglydan Gyratyň bahasyny soranda, nama bilen berlen jogaba aňk bolup galýar. Aslyýetinde, “Gyratyň bahasyn diýsem, sen deý şadan ýüz bolaýdy” diýen ýaly kesgin şahyranalyk bilen aýdylan şol namada türkmen üçin bedewiň owal-ahyr bahasyz baýlykdygynyň hakykaty bar.
Nusgawy edebiýatda, Şeýdaýy şahyryň:
Eý, ýaranlar, musulmanlar,
At wepadary ýigidiň,
Geýnip çyksa demir donlar,
Artar hünäri ýigidiň
– diýen setirleri tüýs türkmen kalbynyň sesine diň salnyp dörän setirler bolmaly. Türkmen öz atyny owal-ahyr: “Saňa at diýmerin, gardaş diýerin” diýip söýgüländir. Bu mähribanlyk türkmeniň ata bolan garaýşynyň milletiň watansöýüjilik duýgularyndan kök alýandygyny aňladýar. Üns berýän bolsaňyz, türkmen dessanlaryndaky we nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginde at bitewileşýär. Göroglynyň at üstüne çykmagynyň esasy sebäbiniň ýurdy goramak we il-günüň abadançylygyny saklamak bolandygyny ählimiz bilýäris. Serkerde Seýdi şahyr:
Watan üçin çykdym Gyrat üstüne,
Tä janym çykýança dönmenem begler!
– diýende, öz watanparazlyk hyjuwynyň badyny atynda-da duýup, söweş meýdanynyň ruhy içre sermest bolup göçýär. Bular türkmeniň damarynda, ýüreginiň töründe bar bolan iň mukaddes duýgularyň bitewiligini aňladýan delillerdir.
Türkmeniň ata bolan söýgüsi, hormat-sarpasy asly gadymdan gelýän milli ýörelgelere esaslanýar. Bu ylahy yşkdan wysal bolan ýörelge. Munuň şeýledigini ata-babalarymyzyň “At-myrat”, “Irden turup ataňy gör, ataňdan soň atyňy”, “At agynan ýerde toý bolar” diýen aýtgylary, şeýle hem, at bilen baglanyşykly “Gyz gylykly bedew”, “Gyz bakyşly bedew”, “Gelin ýörişli bedew” diýen deňeşdirmeleri hem subut edýär. Ahalteke atlaryny halkymyzyň milli baýlyklarynyň naýbaşy nusgasy hökmünde sarpalaýan hormatly Prezidentimiziň uly tagallasy, çäksiz yhlasy bilen türkmen bedewleriniň dünýä derejesindäki gadyr-gymmaty, şöhraty has beýgeldi.
At sarpasyny apalan pederlerimiziň ýaşaýyş durmuş ýollaryny göz öňüne getireniňde, hormatly Prezidentimiziň bedewşynaslyga, onuň türkmeniň ata bolan söýgüsini we at taryhyny inçeden yzarlap, olara beýik hormat goýşuna, ahalteke bedewleriniň bu gününi düýnküden, geljegini şu günküden aşa şöhratlandyryp barşyna “Berekella” diýeniňi duýman galýarsyň.
Ahalteke bedewi türkmeniň bahasyz baýlygydyr. Dünýä haýrana goýýan ahalteke bedewlerimiz özüniň aýratyn gylyk-häsiýetleri, owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy, duýgurlygy, wepalylygy bilen tapawutlanýar. Şeýle bolansoň, onuň kaddy-kamatynda çogly ülkämiziň gözel tebigatynyň gaýtalanmajak keşbi jemlenendir. Şoňa görä-de uludan-kiçä hemme onuň aşygy. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler” diýen kitaplary türkmen atlary hakynda gyzykly maglumatlara baý bolup, olar türkmen bedewleriniň abraý-mertebesini Arşa galdyrdy.
Türkmen öz atyna mukaddes haýwan hökmünde, wepaly ýoldaş hökmünde garapdyr. Görogly beg bolsa has aňry geçip, “At ýigidiň gardaşydyr” diýip, ony dogan hökmünde görüpdir. 1945-nji ýylda faşistik basybalyjylardan üstün çykylmagynyň hatyrasyna, Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň hatyrasyna Moskwada geçirilen Ýeňiş paradyny kabul etmek üçin marşal Žukowyň münen aty “Arap” diýen türkmen atydyr. At öz ýoldaşyny ýeke goýmaýar, taşlap gitmeýär. Bu at bilen ynsanyň birek-birege wepadarlygyndan nyşandyr.
Ýurdumyzda behişdi bedewlerimiziň sarpasy belent tutulýar. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde türkmen bedewiniň baýramy döwlet derejesinde giňden bellenilýär. Bu baýramçylygyň çäklerinde ata Watanymyzyň dürli ýerlerinde çäreler giň gerimlerde geçirilýär.
Bizi şeýle ajaýyp durmuşda ýaşadýan, beýik şahsyýetlerimizi tirsegine galdyryp, olaryň şöhratyny barha beýgeldýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlar aýdýarys!
Sona ARAZGELDİÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler