“Gurama” we onuň aýratynlyklary

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda milli mirasymyz halkymyzyň ruhy durmuşynyň aýnasyna öwrülýär. Ene – mamalarymyzdan galan el işlerini dikeltmek, olary ýaşlarymyza öwretmek babatynda hem uly işler alnyp barylýar, institutymyzda talyp gyzlarymyzyň arasynda el işler boýunça gurnaklaryň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Ýagny, biziň öý hojalygymyzda ulanýan zatlarymyz ene – mamalarymyzyň el işleri, keşdeleri, tikin, haly, palas, keçe ýaly sünnälenip dokalan, tikilen, örülen zatlar barada söz açasym gelýär. Gözbaşyny gadym döwürlerden alyp gaýdýan el işleri zenanlaryň zehininden dörän ýürek owazlaryna öwrülýär. Şeýle el işleriniň biri hem guramadyr. Ol döwletimiziň dürli ýerlerinde dürli – dürli atlandyrylýar. Käbir ýerlerde “gurama”, aýry – aýry ýerlerde bolsa “guramyş” hem diýilýär. “Gurama” häzirki wagtda dünýäniň köp ýurtlarynda duş gelinýän el işi hasaplanýar. Bu bolsa türkmen zenanynyň dünýäniň ösen ýurtlarynyň medeniýeti bilen aýakdaş gidýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Gurama guramak hem gelin – gyzlarymyzyň arzuwyndan, on barmagynyň täsin gudratyndan dörän sungat hasaplanýar. Gözellige maýyl bolan we şol gözellikden sungat eserini döreden ene – mamalarymyz bu sungaty nesilden – nesile geçirip, biziň häzirki günlerimize çenli gelip ýetmegini gazanypdyrlar. Sada ýaly görünse-de gurama tikmek hem zenanlardan inçe döredijiligi we üşükligi talap edýär. Eli çeper gelin-gyzlarymyz özlerine tikinen köýneklerinden galan matalary yrýa etmän, olary üçburç, dörtburç görnüşinde gyrkyp olardan saçaklary, el bukjalaryny, ýassykdyr düşekleri tikipdirler. Bu bolsa zenanlarymyzyň hiç bir zady yrýa etmeýändigini, olaryň gaty ussat dörediji bolandygyny görkezýär.

Milliligi söýýän zenanlarymyz tebigat gözelliklerine, ösümliklere, guşlara syn edip dürli nagyşly guramalary tikip, olara mynasyp at hem goýupdyrlar. Ene-mamalarymyzyň döreden nusgalaryny ussat höwesjeň gyzlarymyz, wagtyň geçmegi bilen kämilleşdirýärler we täze nagyşlaryň täsin nusgalaryny döredýärler. Gurnalyp dikilýän owadan önümlere bezeg berýän ak we reňkli matalaryň bölekleri bilen gurnalyp emele getirilen göle “Guramanyň gaşy” diýilýär. Türkmen däplerinde ýaňy dünýä inen çaga guramadan ýassykdyr düşekleri tikip, “Balamyň geljegi guralsyn, ýoly ak bolsun!” diýip ýagşy dilegler edilipdir. Çaga ýassygyna we düşegine edilýän guramalaryň reňk tapawudy bolupdyr. Olar esasan hem nah mata bölejiklerinden taýýarlanylyp, ýönekeý gülüň we daragtyň şekilini berýän nagyşlar salnypdyr.

Mährem enelerimiz “Durmuşa çykjak gyza baran ýerine gurama ýaly guralsyn, köpelsin!” diýip hem guramadan el bukjasyny tikipdirler we onda ak reňk köp ulanyp “Balamyň alny bagty ak bolsun!” diýip, ejelerimiz arzuw edip ümelerde aýdyma hiňlenip hem ýürek owazyny beýan edipdirler. Durmuşa çykýan gyzyň el bukjasynyň mata bölekleri ýüň we ýüpek matalardan bolupdyr. Olarda dürli ak öýüň şekilini berýän owadan tegelek görnüşli nagyşlar edilipdir. Şu ýerden görşümiz ýaly guramalar hem özboluşly nagyşlar ummanydyr.

Milli mirasymyzyň goralyp saklanmagyna, halkymyzyň buýsanjyna öwrülen türkmen milli el işleriniň ösdürilmegine uly üns berýän hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz bimöçberdir. Kitaby akyl hazynasy saýýan dana Arkadagymyzyň ýiti zehini çuňňur ylmy bilen ýazylan “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi” atly kitaplary hem çuň manylary bilen mähire ýugrulyp ajaýyp söhbetiň beýany bolmak bilen biz ýaşlaryň milli ruhda terbiýelenmegimiz üçin bahasyna ýetip bolmajak gollanmadyr, genji hazynadyr. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz milli gymmatlyklarymyza eýe çykyp, gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň hünärinden döreýän el işlerimiziň meşhurlyk gazanmagyna giň ýol açýar. Şu pursatdan peýdalanyp milliligimize belent sarpa goýup, bizi nurana geljege ruhlandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýüregimden arzuw edýärin!

Saýlandyr Hak Allaň adalat ýolun,
Ýoýdurmaz hiç kime päkize halyn.
Jahana aýandyr beýik ykbalyň,
Arkadagly Serdarymyz ýaşasyn!

Sona ARAZGELDIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok